Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi.

Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň şü döwürde ýerine ýetirilen işler hem-de ýolbaşçylyk edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işini netijeli guramak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek we ýurdumyzda parahatçylygy hem-de howpsuzlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatlaryny diňledi.

Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna milli goşunymyzy pugtalandyrmaga, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga hem-de harby gullukçylaryň gulluk etmegi we ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen giň möçberli harby özgertmeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda parahatçylygyň we asudalygyň goragynda durýan ähli harby we hukuk goraýjy edaralaryň sazlaşykly işini üpjün etmek hem-de türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan we diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň düzgünlerine berk eýermek maksadynda bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmalydygyny belledi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimize eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goraglylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de diňe dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk serhedi hökmünde ýurdumyzyň serhediniň derejesini pugtalandyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklary babatda görülýän çäreler barada habar berildi. Serhetçiler öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşip, guryýerde hem-de deňizde döwlet serhediniň eldegrilmesizdigini üpjün edýärler.

Döwlet Baştutanymyz özygtyýarly Watanymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň goragynda duran we döwlet serhedinden bikanun geçmegiň islendik synanyşyklaryň öňüni alýan serhet gullugynyň üstüne ýüklenen wezipäniň wajypdygyna ünsi çekip, Gullugyň ähli bölümleriniň işiniň utgaşdyrylmagyny üpjün etmegi hem-de harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işi dowam etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, serhet galalarynyň täze binalarynyň hem-de serhetçileriň maşgalalary üçin has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etmegiň, şol desgalarda alnyp barylýan işleriň hiline we öz wagtynda ulanmaga berilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygy nygtaldy.

Içeri işler ministri I.Mulikow Içeri işler ministrligi tarapyndan 2017-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak, düzgün bozmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we hemme ýerde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durnuklylygy üpjün etmek, ýurdumyzyň raýatlarynyň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak işinde Içeri işler ministrliginiň üstüne ýüklenen wezipeleriň wajypdygyny belläp, ministrligiň garamagyndaky ähli düzümleriň işine mundan beýläk-de berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy. Şol düzümler bolsa özleriniň üstüne ýüklenen wezipeleri takyk we birkemsiz ýerine ýetirmelidirler. Döwlet Baştutanymyz saglyga zyýanly endiklere garşy göreşi güýçlendirmegiň zerurdygyny aýdyp, ilatyň arasynda neşe serişdelerini ulanmagyň we çilim çekmegiň ýaramaz netijeleri barada giň düşündiriş işlerini geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegi talap etdi. Aýratyn-da, ýurdumyzda neşekeşligiň köki-damary bilen ýok edilmeginde jemgyýetçilik çärelerine möhüm ornuň degişlidigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda degişli düzümler bilen sazlaşykly iş alyp barmagyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda işjeň wagyz nesihat çärelerini yzygiderli alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Milli Liderimize, hususan-da, döwletimizde hem-de jemgyýetimizde kanunçylygyň, ýurdumyzyň bähbitleriniň, onuň raýatlarynyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berk berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, prokuratura edaralary tarapyndan görülýän çäreler barada habar berildi.

Milli Liderimiz prokuratura işgärleriniň hakyky demokratik, hukuk döwletiniň binýadyny pugtalandyrmaga, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge goşýan goşandyny belläp, hukuk goraýjy edaralaryň işiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna hem-de wezipelerine, adamy jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan eden Türkmenistanyň ýokary ynsanperwerlikli syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelmelidigini ýene-de bir gezek nygtady.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew kanunçylyk babatda dünýäde hereket edýän ölçeglere laýyk getirilýän, döwletimizi hem-de jemgyýetimizi hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam edýän kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kazyýet işiniň netijeliligini üpjün etmek üçin ähli şertleri döretmegiň, işgärleri içgin seçip almagyň hem-de kazyýet işlerine seredilende, kanunlaryň rüstemligini üpjün edýän kazyýetleriň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler hem-de milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary babatda ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan alnyp barylýan anyk çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ministrligiň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Olaryň hatarynda ähli düzümleýin edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak wezipeleri bar.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny, hususan-da, gümrük nokatlarynyň serhetden geçirilýän ýükleri içgin gözden geçirmek üçin zerur bolan döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegini hem-de onuň işgärleriniň gulluk etmegi we durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegini gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijileri barada hasabat berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de gullugyň üstüne ýüklenen jogapkärli wezipeleri we borçlary nazara almak bilen, onuň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada habar berildi.

Milli Liderimiz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Garaşsyz Türkmenistanyň ýylsaýyn dostlukly hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň hem-de işewür hyzmatdaşlarynyň sanyny giňeldýändigini kanagatlanma bilen belläp, migrasiýa gullugynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Soňra adalat ministri B.Muhamedow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça iki aýyň dowamynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň kanunçylyk binýady täze taryhy eýýamyň belent maksatlaryny hem-de wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ygtybarly esas bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hukuk özgertmeleriniň çäklerinde geçirilýän işleriň örän wajypdygyny aýdyp, milli kanunçylygyň döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze kanunlar bilen baýlaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi. Şol kanunlary taýýarlamak işleri Türkmenistanyň Mejlisi, Hökümet we beýleki degişli düzümler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda alnyp barylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hasabatlary jemläp, özüniň berýän tabşyryklarynyň we görkezmeleriniň birkemsiz ýerine ýetirilmeginiň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen harby we hukuk özgertmelerini amala aşyrmaga toplumlaýyn çemeleşilmegini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Milli goşunymyzyň goranyş kuwwatyny berkitmegiň möhümdigini aýdyp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we kämilleşdirmäge, goşuna gelip gowuşýan döwrebap tehnikalary aýawly saklamaga hem-de netijeli ulanmaga, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamaga hem-de gaýduwsyz Watan goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmäge, watançylyk-terbiýeçilik işini güýçlendirmäge hem-de harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri amala aşyrmaga has jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşasy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, ýygnananlaryň ählisine ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde üstünlikler arzuw etdi.