BMG-NIŇ ÝÖRITELEŞDIRILEN EDARALARY BILEN IKITARAPLAÝYN RESMINAMALARYŇ GOL ÇEKILMEGINE BAGYŞLANAN BRIFING

2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzyň we Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Ilçihanalaryň press-attaşeleriniň, halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegine bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetirijisi Natiýa Natswlişwili, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Şahin Nilofer we BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistan, Gazagystan we Gyrgyz Respublikalary boýunça wekili Giuliýa Walesse dagylar çykyş etdiler.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň döwletiň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygy bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, parahatçylykly, syýasy gepleşikleriň ýörelgelerinde halkara kadalarynyň esaslarynyň saklanylmagynda Birleşen Milletler Guramasyna esasy we aýgytlaýjy orun degişlidir.   

Çykyş edenler şeýle hem Türkmenistanyň uzakmöhletleýin maksatlarynyň BMG-niň wezipeleri bilen gabat gelmeginiň, ilkinji nobatda bolsa Merkezi Aziýada sazlaşykly we durnukly döwletara gatnaşyklarynyň kemala getirilmeginde, sebitleýin parahatçylygyň we howpsuzlygyň berk gurallarynyň döredilmegi babatynda strategiki hyzmatdaşlygyň esasy bolup durýandygyny bellediler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurduň degişli pudak edaralarynyň we BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi biziň ýurdumyzyň halkara ölçegindäki özgertmelere işjeň gatnaşýandygynyň subutnamasy bolup, bu bolsa ýurduň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýändir.