Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärleri bellige almak möwsümi tamamlandy

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleri Merkezi saýlaw topary bellige alýar. Dalaşgärleri bellige almak saýlawlara elli gün galanda başlanýar we saýlawlara ýigrimi bäş gün galanda tamamlanýar. 2017-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärlige bellige almak möwsümi tamamlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine syýasy partiýalar, raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenilen dalaşgärleriň hemmesi – 9-sy bellige alyndy. Kanuna laýyklykda, bellige alnan dalaşgärler baradaky maglumatlar bellenilen möhletlerde we dolulygyna köpçülikleýin habar beriş serişdeleri – teleradio ýaýlymlary, gazetler arkaly ilatyň dykgatyna ýetirildi. Munuň özi dalaşgärleri bellige almak möwsüminiň aýanlykda geçirilendigini we saýlawçylaryň habar kepillikleriniň üpjün edilendigini görkezýär.

Häzirki wagtda bellige alnan dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleriniň çäklerinde welaýatlarda saýlawçylar bilen duşuşyklary, öz maksatnamalary barada çykyş etmek işleri dowam edýär. Dalaşgärleriň ählisi üçin deň şertlerde geçirilýän wagyz işleri giň gerimde dowam edýär.