Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda Garabogazda karbamid öndürjek zawodyň, Gyýanlyda gazhimiýa toplumynyň, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň gurluşykçylary bilen duşuşdy. Bu desgalaryň gurluşyk meýdançalaryndaky duşuşyga gatnaşyjylar12-nji fewralda geçiriljek saýlawlarda ýokary döwlet wezipesine dalaşgäre sowal bermäge mümkinçilik aldylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlaryny beýan etdi hem-de zähmetkeş toparyň agzalarynyň gyzyklandyrýan sowallaryna jogap berdi. Ol sowallar ykdysady mümkinçiliklere, Garabogaz şäheriniň durmuş-medeni ulgamynyň ösdürilmegine, Balkan welaýatynyň senagat taýdan ösüşiniň täze nokady bolan Gyýanly şäherçesine, häzir deňsiz-taýsyz taslamalar durmuşa geçirilýän deňizýaka sebitinde mundan beýläkki özgertmelere, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna hem-de ýurdumyzyň ähli künjeginden bu ýere işlemäge gelýän ýäş hünärmenleriň geljegine degişli boldy.Şol hünärmenleriň köpüsi düýpli ornaşmagy isleýärler. Şeýle hem ýakyn geljekde ýene nirelerde iri senagat önümçilikleriniň dörediljekdigi hem-de şäher dörediji taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigi barada sowal berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sowallara jogap berip, ýurdumyzda soňky ýyllarda gurlan we gurulýan senagat desgalarynyň mynasyp iş şertlerini hem-de zähmet haklaryny teklip edýändigini aýtdy.Bu bolsa tehnologik ulgama zähmet serişdelerini çekmäge, sebitleriň innowasion-ykdysady kuwwatyny artdyrmaga kömek edýär.

Täze senagat merkezleriniň ähli sebitlerde dörediljekdigi barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz iň häzirki zaman tehnologiýalara, innowasion pikirlenişe erk edýän işgärleriň we hünärmenleriň täze neslini kemala getirmegiň wajypdygyna bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynda bellenilen beýleki wezipeler barada gürrüň berip, onda raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyna, ýaşlaryň ýokary hilli bilim almaklaryna şertleriň döredilmegine, ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygyna hem-de her maşgalanyň durmuş meseleleriniň çözülmegine, enäniň we çaganyň saglygynyň goralmagyna aýratyn üns berlendigini belledi.

Biziň baş maksadymyz Türkmenistan döwletini gülledip ösdürmekden, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça çäreleri ýerine ýetirmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň täze ugurlaryna laýyklykda, dürli çig mallary toplumlaýyn gaýtadan işlemek boýunça ykdysady ösüşiň berk binýadynyň döredilmegine ýardam berýän, sarp ediş bazarynda haryt bolçulygyny üpjün edýän, ilatyň iş bilen üpjünçiligini artdyrýan we eksport kuwwaty ýokarlandyrýan birnäçe täze iri kärhanalar ulanmaga tabşyryldy.

Adaty bolmadyk we mähirli ýagdaýda geçen duşuşyklarda senagat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary, ekologiýa syýasaty we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy barada-da gürrüň edildi.