Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek möwsümi tamamlandy

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, Dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün galanda başlanyp, otuz gün galanda tamamlanýar. Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärlige hödürlemek möwsümi tamamlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň 3-si, raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan bolsa 6-sy hödürlenildi we hödürlenilen dalaşgärleriň hemmesi – 9-sy  bellige alyndy. Häzirki wagtda bellige alnan dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleriniň çäklerinde welaýatlarda saýlawçylar bilen duşuşyklary, öz maksatnamalary barada çykyş etmek işleri dowam edýär. Dalaşgärleriň ählisi üçin deň şertlerde we giň gerimde wagyz işlerini geçirmek mümkinçilikleri üpjün edilýär.