img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMEN TÜRGENI GYLYÇLAŞMAK BOÝUNÇA AÇYK ÇEMPIONATDA ALTYN MEDALY EÝELEDI

photo

2019-njy ýylyň 17-nji fewralynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we kadetleriň arasyndaky Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak Konfederasiýasynyň açyk çempionatynda ildeşimiz Jumanazar Döwletnazarow altyn medala mynasyp boldy.

Ýetginjekleriň we kadetleriň arasynda Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak boýunça Konfederasiýasynyň açyk çempionaty täze sebitleýin düzüm tarapyndan geçirilen ilkinji halkara ýaryşdyr.

Ýaryşa 150 türgen, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň ýygyndy toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Biziň türgenimiz şpagada gylyçlaşmak boýunça geçirilen ýaryşlaryň 10-synda dokuz ýeňiş gazandy hem-de final duşuşykda Özbegistandan bolan garşydaşyny ynamly ýeňdi.