img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Saýlawlary guramaçylykly geçirmek boýunça ýygnaklar geçirildi

photo

2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleriniň çäklerinde,  Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleriniň alyp barmagynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ýygnaklar geçirildi.

Ýygnaklar 17-18-nji dekabrda geçirilip, oňa saýlaw toparlarynyň, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we beýleki degişli edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Olara kanunçylyk düzgünleri we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 20-nji maddasyna laýyklykda, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlary guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işler barada düşündirildi.