PANAMA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) jenap Migel Lekaro Barsenas bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Panama Respublikasynyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy oňa täze bellenen wezipesinde üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdiler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, taraplar dürli derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklary guramagyň wajypdygyny bellediler.

Şeýle-de taraplar köptaraplaýyn esasdaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we BMG-niň gün tertibiniň ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. Şunlukda Türkmenistanyň we Panamanyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi öz gezeginde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny belledi we özüniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.