img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

“GÖROGLY” EPOSY BARADA UKRAIN YLMY IŞGÄRINIŇ MAKALASY «MIRAS» ŽURNALYNYŇ SAHYPALARYNDA

img
img
img
img

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sanynda Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Ukrain dilini öwrenmek boýunça ylmy-barlag institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Nikolaý Waskiwiň “Görogly” - türkmen halkynyň gahrymançylykly eposy: etniki we umumadamzat gymmatlyklarynyň sintezi” atly makalasy ýerleşdirilipdir.

Ukrainaly alym öz ylmy işinde türkmen halkynyň maddy we ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän iň görnükli ruhy baýlyklarynyň biri bolan “Görogly” gahrymançylyk eposyna ýüzlenip, onuň çuňňur pelsepewi mazmunyny hem-de onda öz beýanyny tapan ahlak we ruhy gymmatlyklaryň ulgamyny açyp görkezýär.

Awtor gahrymançylykly eposyň birnäçe müň ýyl mundan ozal, medeniýetiň we siwilizasiýanyň dörän wagtyndan bäri adamzadyň ömürlik ýoldaşy bolup gelendigini belleýär. Köp asyrlaryň dowamynda dilden-dile geçirilýän epos däplerinde halkyň taryhy tejribesi, dünýägaraýşy, maddy we ruhy gazananlary öz beýanyny tapyp, nesilden-nesle geçirilipdir. Şunuň bilen baglylykda, “Görogly” diňe bir milli söz sungatynyň ajaýyp nusgasy däl, eýsem häzirki döwürde hem öz ähmiýetini saklap gelýän gymmatly medeni miras hökmünde häsiýetlendirilýär.

Nikolaý Waskiw öz makalasynda eposda beýanyny tapan esasy ahlak ýörelgelerine aýratyn üns berýär. Olaryň hatarynda maşgala we nesil gatnaşyklaryna wepalylyk, ene topraga çuňňur söýgi we ony goramaga taýynlyk, türkmen halkyna mahsus myhmansöýerlik, berlen söze wepalylyk hem-de gaýduwsyzlyk görkezilýär.

Makalada epos gahrymanlarynyň adalat, adam mertebesi, milli özboluşlylygy, maddy we ruhy mirasy gorap saklamak ugrunda alyp barýan göreşine hem möhüm orun berilýär. Hut milli aýratynlyklaryň umumadamzat ahlak gymmatlyklary bilen sazlaşygy “Göroglynyň” baky gymmatyny kesgitleýär we bu eposa dürli halklaryň hem-de nesilleriň okyjylary üçin öz ähmiýetini saklamaga mümkinçilik berýär.

N.Waskiwiň bu ylmy işiniň “Miras” žurnalynda çap edilmegi Türkmenistanyň baý taryhy-medeni we edebi mirasyny öwrenmek hem-de wagyz etmek işine saldamly goşant bolup, şol bir wagtyň özünde türkmen-ukrain medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda ylmy we edebi gatnaşyklaryň möhüm ornuny tassyklaýan nobatdaky subutnama bolup durýar.