img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ GÜNBATARYNDA ARHEOLOGLAR GADYMY OGUZ TOPLUMYNY ÝÜZE ÇYKARDYLAR

photo

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde irki orta asyrlara degişli täze taryhy ýadygärlik ýüze çykaryldy.

Gözli Ata kümmetiniň golaýynda ýerleşýän bu ýadygärlik gadymy oguz toplumynyň bir bölegi hökmünde kesgitlenildi - diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Toplumyň merkezinde adam kellesiniň şekiliniň çyzgysy şekillendirilen barelyefli basgançak görnüşindäki mazar daşy ýerleşýär. Onuň uzynlygy 129 santimetr, ini 27 santimetr, beýikligi bolsa 44 santimetr. Alymlaryň pikirine görä, bu mazar daşy sebitde yslamyň irki döwürlerinde ýaşap geçen ruhy halypalaryň birine degişlidir.

Mazar daşynyň golaýynda berkidiji üçin niýetlenen iki deşikli daş plita hem tapyldy. Daşa oýulyp salnan ganat şekilindäki nagyş sopuçylyk däplerine mahsus nyşanlaryň biri hasaplanýar. Şeýle nagyşlar Türkmenistanyň günbatar welaýatynda halyçylyk sungatynda giňden ulanylýar.