img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BÄŞINJI ANTALÝA DIPLOMATIK FORUMYNA GATNAŞDY

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 17-18-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna (ADF-2026) gatnaşdy.

Forumyň çäklerinde birnäçe mowzuklaýyn mejlisler geçirildi we olaryň dowamynda gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygynyň durnukly ösüş, sebit howpsuzlygy hem-de ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ýaly möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

R.Meredow “Bilelikdäki ösüş: Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy şertlerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ählumumy orny” atly mejlisde eden çykyşynda sebit durnuklylygyny berkitmek we serhetüsti düzümleýin ulgamlary ösdürmek bilen bagly Türkmenistanyň garaýşyny beýan etdi. Hususan-da, energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, halkara söwda geçelgelerini ösdürmäge we Ýewraziýa hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen tagallalara aýratyn üns berildi.

Durnuklylygyň we howpsuzlygyň Merkezi Aziýanyň ösüşini we gülläp ösmegini kesgitleýän esasy şertler bolup durýandygy bellenildi. Soňky ýyllarda sebit döwletleri öz tagallalaryny bu maksatlara ýetmäge yzygiderli gönükdirýärler.

Şeýle hem, Türkmenistan tarapyndan başy başlanan syýasy hyzmatdaşlygyň täze görnüşiniň – Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň – döredilmegi dünýä syýasatyndaky üýtgäp durýan ýagdaýlara we meýillere tebigy jogap bolandygy nygtaldy.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynda energetika ugrunyň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, şol sanda TAPI gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem elektrik energiýasynyň eksportyny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Şunda Türkmenistanyň eýerýän diwersifikasiýa ýörelgesiniň energiýa hyzmatdaşlygyna gatnaşýan ähli taraplaryň – öndüriji ýurtlaryň, üstaşyr döwletleriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramly hasaba alynmagyna esaslanýandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan energetika durnuklylygyna bagyşlanan üç sany kararnamanyň kabul edilendigi bellenildi. Milli derejede Türkmenistan olaryň düzgünlerini durmuşa geçirýär, şol sanda eýýäm hereket edýän “Türkmenistan – Hytaý” gaz geçirijisiniň üsti bilen, şeýle hem goňşy üstaşyr ýurtlara öz energiýa serişdelerini halkara energetika bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow ulag-logistika ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselesine hem aýratyn ünsi çekdi. Merkezi Aziýanyň Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlarynda möhüm ulag merkezi bolup durýandygy bellenildi.

Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan ulag geçelgesiniň netijeli hereket etmegini üpjün etmek üçin sebit ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmeginiň zerurlygyna aýratyn üns berildi.