img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ MIRASY HEM-DE HALKARA ÝADYGÄRLIKLERIŇ WE TARYHY ÝERLERIŇ GÜNI

photo

1983-nji ýylda Taryhy ýadygärlikler we ýerler boýunça halkara geňeşiniň mejlisiniň (ICOMOS) başlangyjy bilen halkara baýramçylyk - Halkara ýadygärlikleriň we taryhy ýerleriň güni (Bütindünýä mirasyň güni) döredildi.

Türkmenistanda bu gün aýratyn hormata eýedir. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri köpasyrlyk taryhy we medeni mirasyny aýawly gorap saklaýar.

Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistan dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklaryň biridir. Häzirki wagtda ýurtda döwlet sanawyna girizilen ýüzlerçe taryhy we medeni ýadygärlikler bolup, olaryň köpüsi arheologik ýadygärliklerdir. Mysal üçin, Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew, Köne Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Dehistan, Gadymy Sarahs, Abiwerd we Gökdepe galasy geçen döwürleriň ajaýyp binagärlik desgalary hasaplanyp, açyk asman astyndaky muzeýleri hökmünde hyzmat edýär. Olaryň hemmesi döwlet taryhy we medeni goraghanalary diýlip yglan edildi. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň täsin ýadygärlikleri umumy gymmatlykdaky ýerler hökmünde UNESCO-nyň Bütindünýä medeni mirasy sanawyna girizildi.

Gadymy Merw Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen iň gadymy we iň gowy saklanyp galan oazis şäherleriniň biridir. Onuň çäginde dürli döwürlere degişli özboluşly galalar bolup, olar ölçegi we saklanyp galyş derejesi boýunça biri-birinden tapawutlanýar: Erkgala (b.e. öňki VI asyr), Gäwürgala (III asyr), Gyzgala (VI asyr), Soltangala (XI asyr), Abdylla han galasy (XV asyr), Baýramaly han galasy (takmynan XVIII asyr).

Türkmenistan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň çägindäki taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleri öwrenmek, goramak we aýawly saklamak üçin maksadaokgunly çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýär.