Türkmenistanda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bellenilýär
Türkmenistanda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni giň gerimde toýlanylýar. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Milli bahar baýramy mynasybetli ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.
“Merdana ata-babalarymyz ýylyň rysgal-berekedini Nowruzyň düşümli gadamy — ýagyş-ýagmyryň topraga bol ýagmagy bilen baglanyşdyrypdyrlar. Alabaharda ýagýan nur-ýagyşlar sahawatly sähramyzy, gözel ýaýlalarymyzy, keremli daglarymyzy bahar paslynyň gaýtalanmajak gözelligine besleýär. Topragymyzyň berekedi artyp, al-elwan gül-gülälekler, bagy-bossanlyklar türkmen tebigatynyň görküne görk goşýar” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.
“Bu gün bedew batly Bitarap döwletimizde Milli bahar baýramynda — Halkara Nowruz gününde bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, döredijilik toparlarynyň folklor-tans çykyşlary, şahyrlarymyzyň okaýan goşgulary Nowruz nagmalary bolup, bagtyýar halkymyzy täze sepgitlere ruhlandyrýar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň ähli ýerinde dürli dabaraly çäreler, sergiler we konsertler guralýar.
ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Sanawyna girizilen Nowruz baýramy Bahar paslynyň gelendigini we tebigatyň janlanýandygyny alamatlandyrýar.