Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilýär
Şu gün Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilýär. Oraza baýramynda türkmenistanlylar metjitlerde baýram namazyna ýygnanyp, bu mübärek aýda edilen ähli doga-dilegleriň Beýik Allanyň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdiler.
Ruhy taýdan päklenmegiň aýy hasaplanylýan mukaddes Remezan aýynyň ähli sogaplaryny, şükranalyk, hoşniýetlilik ýaly ynsanyň gözel hem ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän Oraza baýramy köňüllere şatlyk paýlap, ak arzuwlary ganatlandyrýar, halkyň agzybirligini, jebisligini has berkidýär, ata Watana söýgini artdyrýar. Şoňa görä-de, ähli musulman halklar bilen birlikde, türkmen halky hem mukaddes Remezan aýynyň tamamlanandygyny alamatlandyrýan Oraza baýramyny hemişe uly şatlyk, ruhy joşgun hem agzybirlik bilen belleýär.
Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti: «Asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip we nesilden-nesle geçirilip gelinýän Oraza baýramy ynsanperwerligi, hoşniýetliligi dabaralandyrýar. Bu baýramyň ägirt uly ähmiýeti biziň günlerimizde has aýdyň duýulýar. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar. Halkymyzy döredijilikli işlere, täze üstünliklere ruhlandyrmakda, aýratyn-da, ýaşlarymyzda geçmişimize beýik buýsanjy, asylly häsiýetleri terbiýelemekde Oraza baýramy mynasyp orny eýeleýär» diýip belleýär.