img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Şygryýet marafonyna gatnaşyjy ukrain şahyrynyň goşgusyny çeper okady

photo

Şygryýet marafonynyň çäginde türkmen diasporasynyň wekili Olga Ponomarýewa Lesýa Ukrainkanyň “Çaga ýaly, şeýledi...” goşgusyny çeper okady.

Ukrain edebiýatynyň görnükli şahsyýetleriniň biri bolan ukrain şahyry şahsy azatlygyň, intellektual pikiriň we milli öz-özüňi aňlamagyň ugrundaky göreşiň simwolyna öwrüldi. Ol ukrain şygryýetini täze mowzuklar we keşpler bilen baýlaşdyrdy, şahsy tejribelerini azatlyk, mertebe we ynsan islegi baradaky pelsepewi oýlanmalar bilen utgaşdyrdy.

Goşguda ruhy berklik, saklanmak we içki göreş mowzuklary beýan edilip, gahryman ejizligi görkezmekden ýüz öwürýär, gaýgyny şatlyga öwürmäge çalyşýar.

Diaspora wekili şeýle eserleriň ukrain şygryýetini we onuň çuň many-mazmunyny has gowy düşünmäge kömek edýändigini nygtady.