Kiýewde Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli şygyr okaýyş marafony başlady
ÝUNESKO tarapyndan tassyklanan we her ýyl 21-nji martda bellenilýän Bütindünýä şygryýet gününiň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Ukrainanyň uniwersitetlerinde okaýan türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri bilen bilelikde “Şygryýetde medeniýetleriň dialogy” atly medeni çärä başlady.
Bu taslamanyň maksady baý şygryýet mirasyny giňden wagyz etmek we edebiýat däpleriniň dialogy arkaly ýurtlaryň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekdir. Ýaşlar özlerine ýaran we şygryýet baradaky şahsy düşünjelerini şöhlelendirýän eserleri saýladylar.
Marafony açyp, türkmen diasporasynyň wekili Arslan Ereşow XIX asyryň meşhur türkmen nusgawy şahyry Gurbandurdy Zeliliniň “Janyň alarlar” atly goşgusyny çeper okady. Okaýjynyň sözlerine görä, bu eseriň saýlanmagy onuň filosofik mazmunynyň çuňlugy bilen baglanyşyklydyr, ol adam durmuşynyň geçişi, adamyň ahlak jogapkärçiligi we hemişe üýtgewsiz galýan ruhy gymmatlyklaryň ähmiýeti baradaky pikirleri beýan edýär.