«ZENAN DIPLOMATLARYŇ JEMGYÝETDÄKI ORNY WE OLARYŇ ÝETEN SEPGITLERI» ATLY INTERAKTIW DIALOG GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji okuw maslahatynyň çäklerinde «Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde guralan bu çärä daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, halkara düzümleriň zenan işgärleri, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, institutyň zenan mugallymlary hem-de talyp gyzlary gatnaşdylar.

Çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine aýratyn üns berlip, bu syýasatyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary öňe sürmekde we halkara gatnaşyklarynda ynamdar dialogy ýola goýmakda nusgalykdygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, Bitaraplyk ýörelgeleriniň esasynda alnyp barylýan «Dialog ― parahatçylygyň kepili» diýen ýörelge zenanlaryň diplomatiýadaky ornuny has-da berkidip, olaryň sebitde parahatçylygy üpjün etmekdäki başlangyçlaryny goldaýar. Gatnaşyjylar zenanlaryň döwlet dolandyryşynda we halkara hyzmatdaşlygynda görkezýän başarjaňlyklarynyň dünýäniň durnukly ösüşine gönüden-göni täsir edýändigini nygtadylar.