TÜRKMENISTAN WE GERMANIÝA ULAG-ENERGETIKA ULGAMLARYNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGI MASLAHATLAŞDYLAR
Türkmenistan we Germaniýa ulag, energetika, “ýaşyl” özgertmeler, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Bu barada çarşenbe güni Berlinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren bilelikdäki duşuşygynyň dowamynda aýdyldy.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-german gatnaşyklarynyň depginli ösüşini bellediler hem-de sebit formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, şeýle hem halkara giňişlikde, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) çäklerinde özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.