BEHIŞDI BEDEWLERIŇ NYŞANY ASTYNDA: TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASY ÝYLYŇ ŞYGARY WE GARAŞSYZLYGYŇ ÝUBILEÝ ÝYLYNA BADALGA BERILMEGI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRE GEÇIRDI

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

Şu gün, 2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda türkmen ýaşlarynyň, talyplarynyň we diaspora wekilleriniň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň şygary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany», şeýle hem şu ýylda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň dabaraly çärelerine badalga berilmegi mynasybetli çäre geçirildi.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýew çäräni açyp, öz çykyşynda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygynyň diňe bir ýubileý senesi bolman, eýsem, ýurduň geçen ýoluna, gazanylan netijelere we geljekki ösüşiň strategik maksatlaryna çuňňur baha bermek üçin möhüm tapgyrdygyny nygtady. Ilçi Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň abraýly wekili hökmünde kemala gelip, parahatçylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerini yzygiderli öňe sürýändigini belledi.

Türkmenistan özygtyýarly döwlet hökmünde kemala gelmegiň mynasyp ýoluny geçip, garaşsyzlyk, hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we döredijilik ýörelgelerine esaslanýan syýasy, durmuş-ykdysady we ruhy ösüşiň özboluşly ýoluny döretdi.

Çykyşda 2026-njy ýylyň şygarynyň nyşanyna hem-de onuň Türkmenistanyň taryhy we häzirki döwri bilen çuň baglanyşygyna aýratyn üns berildi. Türkmen halkynyň milli baýlygy we medeni-ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewleri maksada okgunlylygyň, asyllylygyň, ruhubelentligiň we öňe hereketiň nyşany hökmünde görkezildi. Bu häsiýetler Garaşsyz Türkmenistanyň geçen ýoluny doly beýan edýär. Ganatly bedewler diňe bir milli buýsanjyň nyşany bolman, eýsem ýurduň halkara abraýynyň möhüm bölegi hökmünde onuň özboluşlylygyny, gadymy däplerini we häzirki zaman ösüşini şöhlelendirýär. Olaryň keşbi durnuklylyga, dowamata we gelejege uzak möhletleýin garaýşa esaslanýan döwlet ösüşini alamatlandyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze ýyl mynasybetli türkmen halkyna gutlagynda, ahalteke bedewleri biziň buýsanjymyz we milli gymmatlygymyz bolup, türkmen halkynyň arzuwlary we beýik maksatlary bilen berk baglanyşyklydygyny belledi.

Hut Garaşsyzlyk milli medeniýetiň hemmetaraplaýyn ösmegine, taryhy mirasyň goralmagyna we däp bolan atçylyk sungatynyň täzeden galkynmagyna şertleri döretdi. Bu ugurda ahalteke bedewleri türkmen halkynyň ruhy gymmatlygynyň, hem-de dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde aýratyn orun eýeleýär. Hut şonuň üçin hem 2023-nji ýylda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Türkmenistanyň Ilçisi milli atçylyk sungatyny kämilleşdirmek, ajaýyp bedewleri dünýäde giňden wagyz etmek boýunça Döwlet Baştutany tarapyndan alynyp barylýan işleri hem aýratyn belläp geçdi.

Çäräniň dowamynda Ilçihananyň diplomatik işgärleriniň çykyşynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk ýolundaky esasy tapgyrlary, döwletlilik, ykdysadyýet, medeniýet, bilim we halkara syýasaty babatdaky üstünlikleri beýan edildi. Garaşsyzlyk döwründe ahalteke bedewlerini seýslemek we ýetişdirmek däplerini täzeden dikeltmek we gorap saklamak üçin giň mümkinçilikleri döredendigi aýratyn nygtaldy.

Dabara türkmen ýaşlarynyň çykyşlary aýratyn bezeg berdi. Talyp ýaşlar we diaspora wekilleri çärä gatnaşyjylaryň öňünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan «Bedew» atly şygyry çeper okadylar, şeýle hem milli saz guraly bolan dutarda milli owazlar ýerine ýetirildi.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna, ahalteke bedewleriniň gözelligine, olaryň milli medeniýetdäki we döwlet nyşanlaryndaky ornuna bagyşlanan tematik surat sergisine tomaşa edildi. Ekspozisiýa Watanymyzyň taryhy miras bilen häzirki zaman ösüşiniň aýrylmaz baglanyşygyny aýdyň görkezmäge mümkinçilik berdi.

Serginiň üstüni ýetiriji hökmünde ahalteke bedewlerine bagyşlanan wideoşekil görkezildi. Onda behişdi atlaryň türkmen halkynyň milli buýsanjynyň we ruhy güýjüniň nyşanydygy açylyp görkezildi.

Çärede 2026-njy ýylyň şygarynyň Garaşsyzlygyň şanly ýubileýi bilen baglanyşykly dabaralandyrylmagynyň Türkmenistanyň taryhy däpleri bilen häzirki zaman ösüşiniň sazlaşygyny aýdyň görkezýändigi, ahalteke ganatly bedewleriň keşbiniň bolsa ýurduň täze üstünliklere, ösüşe we abadançylyga tarap ynamly öňe hereketiniň aýdyň nyşany bolup durýandygy bellenildi.

Geçirilen çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň ähmiýetine has çuň düşünmegiň, ýaşlaryň we diaspora wekilleriniň arasynda milli buýsanjyň ýaýbaňlandyrylmagynyň, şeýle hem nesilleriň dowamatynyň we ýurduň geljekki ösüşi üçin jogapkärçiligiň artdyrylmagynyň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny görkezdi.