TÜRKMENISTAN BILEN UKRAINANYŇ BILIM EDARALARYNYŇ ARASYNDA YLYM, BILIM WE ATÇYLYK BABATDA ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK HAKYNDAKY ÄHTNAMA GOL ÇEKILDI
2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Ukrainanyň Bioresurslar we tebigatdan paýdalanmak boýunça Milli uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlyk baradaky bu ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy wideo aragatnaşyk arkaly geçirilip, oňa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew, Ukrainanyň Bioresurslar we tebigatdan paýdalanmak boýunça Milli uniwersitetiniň rektory Wadim Tkaçuk, ýokary okuw jaýlarynyň işgärleri, hem-de Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ylym we bilim ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ýurtlarymyzyň arasyndaky bu möhüm ylalaşyga gol çekilmezden öň birnäçe işler geçirildi. Ýagny, türkmen tarapy Bioresurslar we tebigatdan paýdalanmak boýunça Milli uniwersitetiniň okuw ugurlary, tehniki we maddy binýady bilen tanyşdy, onuň çäginde hereket edýän atçylyk boýunça ylmy we önümçilik laboratoriýasyna baryp gördi.
Şeýlelikde, atçylyk pudagy boýunça tejribeli hünärmenleri toplumlaýyn taýýarlaýan Türkmenistanda ilkinji halkara akademiýa bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Ukrainanyň Bioresurslar we tebigatdan paýdalanmak boýunça Milli uniwersitetiniň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanmalara we uzak möhletli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklaýan Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
Ukrain uniwersitetiniň rektory Wadim Tkaçuk dabarada çykyş edip, uniwersitetde atçylygy ösdürmek üçin ähli zerur desgalaryň, şol sanda laboratoriýalaryň we atçylyk toplumlarynyň bardygyny belledi. Ol türkmen wekiliýetini bu desgalara görmäge çagyrdy.
Atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew öz gezeginde, atçylyk sporty ulgamynda Türkmenistanda alnyp barylýan işler we döwlet ýolbaşçylarynyň meşhur Ahalteke atlarynyň tohumyny gorap saklamaga we kämilleşdirmäge, atçylyk sportuny ösdürmäge we türkmen atçylygynyň däplerine gönükdirilen tagallalary barada gürrüň berdi.
Türkmen tarapy ukrain kärdeşlerini ýurdumyzda geçirilýän dürli sergilere, ylmy-amaly maslahatlara we her ýylda türkmen Bedewiniň güni mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
Taraplar Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň Türkmenistanyň we Ukrainanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym we bilim ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berjekdigini bellediler.