TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI GRUZIÝANYŇ PREZIDENTI WE PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞDY

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy dialogy berkitmek, ikitaraplaýyn ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Taraplar ýokary derejedäki yzygiderli saparlaryň we duşuşyklaryň strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna itergi berýändigini nygtadylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň BMG-niň çäklerinde birek-biregiň netijeli halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandyklary we olaryň awtordaşlary hökmünde çykyş edýändikleri bellenildi.

Gruziýanyň Prezidenti Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň dünýäde ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge uly goşant goşýandygyny hem-de halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýandygyny belledi.

Saparyň çäklerinde, R.Meredowyň Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ikitaraplaýyn  hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem köptaraplaýyn formatdaky, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli alnyp barylýandygy nygtaldy.