TÜRKMENISTAN “GASTECH 2025”-DE ENERGETIKA MÜMKINÇILIKLERI BILEN TANYŞDYRDY

img
img
img
img
img
img

Türkmenistan Italiýanyň Milan şäherinde 9–12-nji sentýabr aralygynda geçirilen dünýäniň iň iri sergileriniň we maslahatlardan biri bolan “Gastech 2025”-de tebigy gaz ulgamyndaky mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrdy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň dünýäde iri gaz gorlaryna eýedigi mowzuklaryň arasynda aýratyn bellenildi we şol sanda ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň ähmiýeti öňe sürüldi. Şeýle hem Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen Aziýanyň çalt ösýän bazarlaryna täze ýol açýandygy nygtaldy. Mundan başga-da Hazar deňzinde we nebiti gaýtadan işleýiş pudagynda maýa goýum mümkinçilikleri barada gürrüň berildi. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak, emeli aň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak we ekologiýa taýdan möhüm çäre hökmünde metan zyňyndylaryny azaltmak hem ýurduň öňdäki maksatlarynyň hatarynda görkezildi.

“Gastech 2025”-iň esasy mowzugy — tebigy gazyň geljegi boldy. Dünýäniň 150 ýurdundan 50 müňden gowrak hünärmeni energiýa geçişinde gazyň orny, pudagyň innowasiýa we arassa tehnologiýalara bolan ymtylyşy barada pikir alyşdy.

Türkmen Energiýa Forumy halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi hem-de dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryny Aşgabatda 22–24-nji oktýabrda geçiriljek ýokary derejeli “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2025" atly 30-njy halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmaga çagyrdy. Häzirki wagta çenli “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2025" maslahatynda 40 döwletiň 300-e golaý wekili gatnaşjakdygy tassyklandy. Sergi meýdançasydaky ýerleriň öňünden dolulygyna bellenillmegi bu çäräniň dünýäde energetika pudagyna bolan uly gyzyklanmany görkezýär. Maslahatyň gün tertibinde iri taslamalar, maýa goýum mümkinçilikleri we innowasion çözgütler boýunça giňişleýin pikir alyşmalar meýilleşdirilýär.