DAŞOGUZ WELAÝATYNDA TÄZE BITARAPLYK ŞÄHERÇESI AÇYLDY

photo

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde häzirki zaman şähergurluşyk talaplaryna laýyk gurlan täze  Bitaraplyk şäherçesi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Täze şäherçäniň açylyşy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşanlara gutlady. “Bu gün Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde şatlyk-şowhuna beslenip, dabaraly açylýan täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesi hem ýurdumyzyň depginli ösüşleriniň özboluşly beýany bolup durýar”- diýip Döwlet Baştutanynyň Gutlag hatynda bellenilýär.

Täze şäherçede ähli zerur inženerçilik ulgamlary doly göz öňünde tutuldy. Ilatyň gündelik zerurlyklaryny üpjün edýän jemgyýetçilik desgalarynyň toplumy gurlup ulanmaga berildi. Şäherçede 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, geňeşligiň edara binasy, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, 420 orunlyk orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk medeniýet öýi, saglyk öýi, 500 orunlyk toý mekany, şeýle hem önümçilik maksatly häzirki zaman desgalary guruldy.

Şäherçäniň içki hem-de daşky ýollarynyň uzynlygy 18,5 kilometrden geçýär. Şeýle hem ýerli hususy kärhana tarapyndan Hanýap kanaly we suw kollektorlarynyň üstünden gurlan täze awtomobil köprüleri ýaşaýjylara islendik wagtda howpsuz gatnawy üpjün edýär.

Bitaraplyk şäherçesiniň açylyşy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary üçin amatly durmuş gurşawyny döretmekde edýän aladasynyň, türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleriň nobatdaky subutnamasy boldy.