Türkmenistan — Hytaý: dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda

photo

Türkmenistan — Hytaý: dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda

 

Serdar BERDIMUHAMEDOW,
Türkmenistanyň Prezidenti.

Hormatly hytaýly dostlar!

Ilki bilen, “Ženmin Žibao” gazetiniň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň öň ýanynda şu makalany çap etmek başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirýärin. Men muňa taýýardygymy beýan etdim. Şeýle uly we abraýly neşiriň köpmillionly okyjylaryna göni ýüzlenmek olara Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň düýp mazmunyny gowy bilmäge, biziň halklarymyzyň hatyrasyna we düýpli bähbitlerine laýyklykda, iki döwletiň häzirki hem-de geljekde alyp barjak bilelikdäki işlerine anyk baha bermäge ýardam eder diýip pikir edýärin.

Indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy Garaşsyz döwletler hökmünde öz gatnaşyklaryny ösdürýärler. Taryhy ölçegde alnanda, bu gysga möhletde uly döredijilikli ýol geçildi. Ysnyşykly syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda yzygiderli esasda gatnaşyklar alnyp baryldy. Hyzmatdaşlyk etmegiň berk hukuk binýady döredildi. 2013-nji ýylyň sentýabrynda biziň uzak möhletli geljekdäki gatnaşyklarymyzyň düýp mazmunyny hem-de ugruny kesgitlän taryhy waka bolup geçdi. Şol gün Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Bilelikdäki Jarnama gol çekildi. Şeýle-de 2014-nji ýylyň maýynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek we çuňlaşdyrmak hakynda Bilelikdäki Jarnama, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda 2014 — 2018-nji ýyllarda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň meýilnamasyny kabul etmek barada Beýannama kabul edildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ösüşindäki anyk üstünlikler barada aýdylanda, şol üstünliklere biziň halklarymyzy birleşdirýän köpasyrlyk umumy mirasdan aýratynlykda garamak bolmaz. Hut şol mirasyň häzirki türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň örän berk, düýpli binýady bolup durýandygyna ynanýaryn. Taryhy resminamalarda, ýyl ýazgylarynda we edebi ýadygärliklerde türkmenleriň hem-de hytaýlaryň arasyndaky ysnyşykly syýasy, söwda, işewürlik hem-de medeni gatnaşyklaryň inkär edip bolmajak subutnamalary saklanyp galypdyr. Şol taryhy ýazgylar ençeme ýüzýyllyklary öz içine alýar. Asyrlaryň dowamynda iki halkyň arasynda özara gatnaşyklaryň anyk nusgasy döredilipdir. Birek-birek baradaky garaýyşlar emele gelip, özara akyl ýetirmek we düşünişmek häsiýetleri ýüze çykypdyr. Munuň köp ugurlary gurşap alan hem-de Aziýada medeni-durmuş ösüşine düýpli täsir eden asylly, oňyn, döredijilikli ýagdaý bolandygyny aýtmak gerek. Bu ýagdaý diňe bir türkmenleriň we hytaýlaryň däl, eýsem, yklymyň beýleki halklarynyň, gönüden-göni goňşularyň we has uzakdaky ýurtlaryň halklarynyň hem gülläp ösmegine, maddy, ruhy taýdan özara baýlaşmagyna ýardam beripdir.

Beýik Ýüpek ýoly biziň halklarymyzyň gatnaşan şu taryhy ýagdaýynyň esasy şerti boldy. Şoňa görä-de, bu taryhy ýagdaýyň mirasdüşerleri we dowam etdirijileri hökmünde özümiz barada aýdanymyzda, onuň düýpli esaslarynyň bardygyna, hakykatdygyna we ygtybarlydygyna ynanýaryn. Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasyny häsiýetlendirip, uly ähmiýetli, giň gerimli bu iki taslamanyň bir-birine ýakyndygyny, filosofik taýdan we iş ýüzünde meňzeşdigini görýäris.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaýyň syýasy ugurdaky döwletara hyzmatdaşlygy özara ynanyşmaga esaslanýandygy, aç-açanlygy, ýokary netijeliligi bilen häsiýetlendirilýär. Iki döwletiň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we halkara syýasy giňişlikde arkalaşmagyň örän möhüm ugurlaryny öz içine alýan duşuşyklary we gepleşikleri hemişe çuň many-mazmunly bolup, jogapkärli strategik dialoga esaslanýar. Ählumumy dünýä gurluşynyň düýpli meseleleri boýunça Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň çemeleşmeleri we garaýyşlary ýakyn ýa-da meňzeşdir.

Biziň döwletlerimiz dünýä gurluşynyň durnukly we howpsuz berk ulgamyny döretmek ugrunda aýgytly hem-de üýtgewsiz çykyş edýärler. Ol deňhukuklylyga, özara hormata, adalatlylyga, köptaraplaýyn bähbitleri ykrar etmäge esaslanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy we halkara hukugyň ulgamy şeýle dünýä tertibiniň daýanjy bolup durýar. Türkmenistan Hytaý bilen bilelikde şu köptaraply gurluşlaryň üstünde ýadawsyz işleýär. Şunda ýola goýlan özara goldaw bermek tejribesi gowy däbe öwrüldi. Munuň özi iki ýurduň uzak möhletli geljekde ol ýa-da beýleki wakalardyr ýagdaýlara dogry baha bermäge esaslanýan, düýpli oýlanyşykly, öňdengörüjilikli diplomatik ugrudyr. Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny goldamagy şeýle çemeleşmäniň aýdyň mysalydyr. Hytaýyň örän ýokary abraýynyň we tutýan ornunyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ilkinji we soňky Kararnamalaryny kabul etmegiň barşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny halkara derejede ykrar etmekde täsiri uly boldy.

Häzirki döwürde türkmen Bitaraplygy halkara we sebit syýasatynyň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Aziýada we tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmakda Hytaý Halk Respublikasynyň tagallalarynyň üstünlikli bolmagyna ýardam berýär. Öz gezeginde, biziň ýurdumyz hem Hytaý üçin wajyp meselelerde, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň birligine, çäkleriniň bitewüligine, terrorçylyga, ekstremizme, arabozarlyga garşy göreşe degişli meselelerde hemişe dogruçyl, aç-açan we düýpli garaýyşlaryny beýan edýär.

Türkmenistan bilen Hytaý ösüp barýan ýurtlaryň ornuny ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ynamyny dünýäniň syýasy giňişliginde birleşdirýär. Energetika we azyk howpsuzlygy, epidemiýalara hem-de kesellere garşy göreşmek, adam hukuklary ýaly meselelerde, şol sanda ýaşaýşa, howpsuzlyga, saglyga hukuk ýaly düýpli meselelerde şol ýurtlara halkara gün tertibinde mynasyp ornuň üpjün edilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşiň iň bir çylşyrymly ýyllarynda Türkmenistan bilen Hytaýyň raýdaşlygyny hem-de özara kömegini belläp geçmek ýerlikli bolar. Türkmenistana derman serişdelerinidir enjamlary ibermekde goldaw berendigi üçin biz Hytaýa hemişe minnetdardyrys. «Hakyky dostluk kyn pursatda ýüze çykýar» diýen gadymy hytaý aýtgysy Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň gatnaşyklaryna doly derejede laýyk gelýär. Biziň dostlugymyz kyn synaglardan abraý bilen geçdi.

Türkmenistan bilen Hytaýyň hyzmatdaşlygy sebit ugurlary boýunça hem ýyl-ýyldan kämilleşýär we pugtalanýar. «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň agza bolup durýan iri köptaraply düzümleriniň ýokary derejedäki duşuşyklaryna gyzyklanma bilen yzygiderli gatnaşýar. Hususan-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçiriljek duşuşygyna hem hormatly myhman hökmünde gatnaşjakdygyny bellemek isleýärin. Bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň we Hytaýyň ykdysadyýetde, ilkinji nobatda, energetika, ulag ulgamlaryndaky strategik hyzmatdaşlygynyň barşyna hem-de geljegine aýratyn üns bermek zerurdyr. Biziň bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklerimiziň bardygyna ynanýaryn. Olary peýdalanmak eýýäm örän gowy netijeleri berýär, tutuş yklymyň geoykdysady ýagdaýyna düýpli we oňyn täsir edýär.

Energetika pudagynda bilelikde gazanan has uly üstünliklerimiziň hatarynda 2009-njy ýylda işe girizilen, biziň kanuny ýagdaýda «Türkmenistan — Hytaý» strategik gaz geçirijisi diýip atlandyrýan gaz geçirijimizi görkezmek bolar. Bu özboluşly inženerçilik desgasy iki ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy erk-isleginiň, batyrgaý hereketleriniň netijesidir, ikitaraplaýyn mümkinçilikleriň we şertleriň beýanydyr. Hakykatda, bu gaz geçiriji diňe türkmen tebigy gazynyň uly möçberini Hytaýa eltmegiň serişdesi bolman, eýsem, yklymda energiýa howpsuzlygy ulgamynyň adalatly, özara bähbitli we durnukly düzümini döretmegiň hem aýdyň mysalydyr. Biz bu ugurda bitirilen işlere guwanyp bileris. Onuň netijeleri Türkmenistanyň we Hytaýyň, şeýle-de üstaşyr geçirýän ýurtlaryň ykdysadyýetiniň, Ýewraziýanyň energetika giňişliginde ähli özara gatnaşyklar ulgamynyň ösüşine kuwwatly itergi berdi. Türkmenistanyň we Hytaýyň bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy dowam etdiriler hem-de ösdüriler. Bu hyzmatdaşlyk ykdysady taýdan esaslydygyny, uzak möhletli, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýändigini subut etdi.

Türkmen-hytaý ulag hyzmatdaşlygy-da barha uly ähmiýete eýe bolýar. Biziň ulag strategiýamyzyň düýp mazmuny we wezipeleri baradaky garaýyşlarymyz ýakyn hem-de laýyk gelýär. Bu bolsa Gündogar — Günbatar ugry boýunça ulag we logistik geçelgeleriň goşulyşan hem-de utgaşdyrylan toplumyny döretmek üçin geografik taýdan artykmaçlyklarymyzy, maliýe, guramaçylyk, syýasy-diplomatik serişdelerimizi birleşdirmekde oňat şert bolup durýar. Munuň özi özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygyň durnukly ýörelgeleri esasynda Aziýanyň hem-de Ýewropanyň ykdysady taýdan ýakynlaşmagynyň has uly geljegi bolan netijeli usulydyr. Bu başlangyçda Türkmenistan bilen Hytaý esasy orny eýelemelidirler. Biz bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy üçin hytaýly hyzmatdaşlarymyza minnetdardyrys. Uly umyt bildirilýän bu yklymara taslamanyň üstünlikli amala aşyryljakdygyna hem-de onuň XXI asyrda biziň strategik hyzmatdaşlygymyzyň nobatdaky kuwwatly birleşdirijisine öwrüljekdigine ynanýaryn.

Men ýene-de özara gatnaşyklarymyzyň taryhy ýagdaýyna, köpasyrlyk tejribämize, şol sanda türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky ykdysady hem-de söwda ulgamlaryndaky gatnaşyklara we tejribä dolanaýyn. Häzirki wagtda bu tejribe zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, biz bilelikde ony işewür hyzmatdaşlykda peýdalanmalydyrys we netijeli ulanmalydyrys. Türkmen hem-de hytaý telekeçilik birleşmeleriniň biri-birine teklip etmäge köp mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýaryn. Söwda aragatnaşyklaryny dikeltmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, orta hem-de kiçi telekeçilik ulgamynda bilelikdäki taslamalar iki ýurduň ykdysadyýetleriniň aýry-aýry pudaklaryny ösdürmegiň derejesine oňat täsir edýär. Täjirçilik taýdan peýda getirýär, halklarymyzyň hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini ýokarlandyrýar, ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmäge ýardam berýär.

Biz ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklarda maýa goýumlary goýmaga uly üns berýäris. Sebäbi bilelikdäki taslamalaryň netijelerine düşünilýär hem-de olary amala aşyrmaga isleg artýar. Şeýle işe Hökümet derejesinde-de goldaw berilýär. Bu bolsa geljege ynamly garamaga we hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny ynamly düzmäge esas berýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaýyň tehnologiýalar babatdaky hyzmatdaşlygy zerurdyr. Biziň ýurdumyzda ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň, şäher gurluşygynyň, önümçilik pudaklarynyň ösüşi tapgyrlaýyn esasda innowasion ugra geçirilýär. Şoňa görä-de, biz özara bähbit we uzak möhletli esasda bu işlere gatnaşmak teklibi bilen hytaý tarapyna ýüzlenýäris. Bu teklibiň Hytaýyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda oňyn seslenme döredendigini aýtmalydyryn.

Ynsanperwer ulgam hem hyzmatdaşlyk etmek üçin ägirt uly we çäksiz mümkinçilik açýar. Munuň özi birek-biregi dost-doganlyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak duýgulary birleşdirýän iki ýurt hem-de olaryň halklary üçin tebigy ýagdaýdyr. Häzirki döwürde ynsanperwer gatnaşyklarymyz birek-biregiň isleglerini kanagatlandyrmaga, Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhyny, medeniýetini öwrenmäge gönükdirildi. Iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda bu ýagdaýyň ösýändigini buýsanç hem-de kanagatlanma bilen synlaýaryn. Hytaý Halk Respublikasynda okaýan türkmen ýigitleri we gyzlary beýik hytaý medeniýetini özleşdirýärler hem-de, öz gezeginde, hytaý topragynda türkmen medeniýetini ýaýradyjylar bolup durýarlar. Munuň özi örän möhüm ýagdaýdyr. Iki ýurduň tagallasy bilen häzirki wagtda jemgyýet we döwlet hökmünde Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň gymmatlyklarydyr dünýägaraýyşlary ýakynlaşýar. Özüň we daşyňy gurşap alan dünýä barada sagdyn, oňyn garaýşyň örän gymmatly berk binýady döredilýär. Şunda Türkmenistana we Hytaýa wajyp döredijilikli wezipäni ýerine ýetirmek degişlidir.

Biziň ýurtlarymyz we halklarymyz öz öňlerinde duran maksatlary hem-de mümkinçilikleri aýdyň görüp, özboluşlylygy, aýratynlygy bilen bilelikde öňe barýarlar. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý hakyky dostlar, öz döwletleriniň, bütin adamzadyň ösüşiniň örän möhüm meselelerini çözmekde ygtybarly hyzmatdaşlar hem-de pikirdeşler bolup durýarlar. Biziň öňümizde duran ähli wezipeleri bilelikde ýerine ýetirjekdigimize berk ynanýaryn.