TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI WAŞINGTONDA MARKO RUBIO BILEN DUŞUŞDY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Waşingtonda ABŞ-nyň syýasy meseleler boýunça Döwlet sekretary Marko Rubio bilen duşuşdy.
Amerikan tarapy Türkmenistan bilen ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ilerledilmegine, şeýle hem “C5+1” diplomatik formatynyň çäginde sebitleýin goşulyşmagyň ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklady. Bu barada Marko Rubio özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi.
“C5+1” platformasy Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny we Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny: Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany we Özbegistany birleşdirýän diplomatik gatnaşyklaryň bir görnüşidir. Bu platforma ykdysadyýet, energetika hem-de daşky gurşaw ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilik berýär.