TÜRKMEN KARATEÇILERI MERKEZI AZIÝANYŇ SAMARKANTDA GEÇEN ÇEMPIONATYNDA 16 MEDAL GAZANDYLAR

photo

2025-nji ýylyň 3-13-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde adaty karate boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirilýär. Türkmenistanyň milli ýygyndysy dürli ýaş derejelerinde baýrakly orunlary eýelemek bilen, ýokary netijeleri görkezdi.

Ýaryşyň netijelerine görä türkmen türgenleri 9 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal gazandylar. Ýaş karateçiler kata we kumite ýaly şahsy ugurlar boýunça aňrybaş üstünlikli çykyşlaryny görkezdiler.

Çempionata sebitiň 5 döwletinden takmynan 500 türgen gatnaşdy. Bu ýaryşa Türkmenistandan Aşgabadyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň mekdepleriniň okuwçylary, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.