img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

11-NJI IÝULDA BÜTINDÜNÝÄ BEDEW GÜNI BELLENILÝÄR

img
img
img
img

Şu gün, 11-nji iýulda dünýäde ilkinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň Karary bilen döredilen Bütindünýä bedew güni bellenilýär. Gözelligi, görmegeýligi we milli ruhy beýan edýän Ahalteke bedewli Türkmenistan üçin bu baýramyň uly manysynyň bardygyny bellärliklidir. Ajaýyp bedewler bilen köp ýyllaryň dowamynda aýrylmaz baglanyşykly bolan biziň ýurdumyzda milli bedew baýramçylygy döwlet derejesinde giňden bellenilýär, hem-de bu dünýä derejesindäki baýramçylyga aýratyn gadyr bilen goşulýar.

Ahalteke atçylyk sungaty we at bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, türkmen halkynyň asyrlar boýy döreden milli gymmatlyklarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň ýene bir subutnamasy boldy.