TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGI UKRAINANYŇ "FREEДОМ" TELEÝAÝLYMY TARAPYNDAN TÜRKMENISTAN BARADA HAKYKATA GABAT GELMEÝÄN WE ÝOÝULAN MAGLUMATLARYŇ ÝAÝRADYLMAGY BOÝUNÇA RESMI METBUGAT BEÝANATYNY ÝERLEŞDIRDI

photo

Ukrainanyň habar beriş serişdeleri tarapyndan Türkmenistan barada ýaýradylan tendensioz häsiýetli habarlar bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylary beýan edýär.

Türkmen tarapy şu ýylyň 8-nji iýulynda Ukrainanyň «FREEДОМ» teleýaýlymynda Türkmenistanyň internete elýeterlilik babatynda göýä «ýapyklygy» barada aýdylan tendensioz häsiýetli we hakykata laýyk gelmeýän maglumatlary bilen baglylykda nägileligini bildirýär.

Bu ýagdaý aňrybaş düşünişmezligi döredýär, çünki häzirki zaman Türkmenistan barada hiç hili düşünjesi bolmadyk, ýurdumyza hiç haçan gelip görmedik, şeýle hem ýurduň döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň wekilleri, kärdeşleri bilen hiç hili gatnaşyklary saklamaýan ýokarda agzalan teleýaýlymyň wekilleriniň beýle maglumatlary ýaýratmaga näme hukugy bar!

«FREEДОМ» teleýaýlymynyň Türkmenistan barada hakykata laýyk gelmeýän we ýoýlan maglumatlary bilkastlaýyn ýaýratmak bilen, tomaşaçylar köpçüligine galp habarlary ýetirmesiniň ilkinji gezek däldigini bellemek gerek.

Bularyň hemmesi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň tutuş döwründe türkmen tarapynyň ukrain halkyna berýän köpýyllyk ykdysady we ynsanperwer goldawynyň şertlerinde bolup geçýär.

Şeýlelikde, 1990-njy ýyllardan başlap, Türkmenistan köp ýyldan bäri Ukrainany uly göwrümlerde tebigy gazy bilen üpjün edýärdi. Mundan başga-da, bu döwrüň içinde birnäçe ukrain kompaniýalary Türkmenistanda milliardlarça ABŞ dollaryna barabar bolan energetika, ýol-ulag, aragatnaşyk, infrastruktura we beýleki ugurlarda köpsanly taslamalary durmuşa geçirdiler. Bu kompaniýalar häzirki günde hem biziň ýurdumyzda işleri alyp barýarlar.

Aýdylanlara esaslanyp, käbir ukrain KHBS-iň wekillerine «ýagşylyga – ýagşylyk» ýaly durmuş hakykatynyň tersine hereket etmegiň deregine, onuň ýokary ähmiýetini we gymmatyny ýatdan çykarmazlyk zerurdyr.

Ýokarda agzalanlardan ugur alyp, türkmen tarapy maglumat syýasaty üçin jogapkär Ukrainanyň degişli döwlet edaralaryndan geljekde ýokarda görkezilen ýagdaýlaryň gaýtalanmazlygy üçin ukrain kanunçylygyna laýyklykda zerur çäreleri görmegini talap edýär. 

Türkmenistanyň DIM-iň metbugat gullugy