AŞGABATDA TIF 2025 MAÝA GOÝUM FORUMY WE SERGISI GEÇIRILER

photo

Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy (TIF 2025) we sergisi 2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu çäre daşary ýurt maýadarlary, halkara maliýe institutlary we türkmen bazarynda iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalary bir ýere jemlär.

Forumyň esasy maksady Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini giňden tanatmak hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň täsirli usullaryny ara alyp maslahatlaşmak bolar. Forumyň dowamynda gatnaşyjylar bilelikdäki, şol sanda sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini hem-de eksportyň giňeldilmeginiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem sanly çözgütleriň ösdürilmegine we sanly ykdysadyýete geçmek meselelerine aýratyn üns berler.

TIF 2025 sergisi senagat, oba hojalygy, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ýaly ykdysadyýetiň möhüm ugurlary boýunça gazanylan üstünlikleri görkezýän interaktiw meýdança bolup çykyş eder. Myhmanlar öňdebaryjy türkmen kärhanalarynyň önümleri, şeýle hem dürli pudaklarda ulanylýan öňdebaryjy döwrebap tehnologiýalar we innowasiýalar bilen tanşyp bilerler.