MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI KIÝEWDE DABARALY ÝAGDAÝDA BELLENILIP GEÇILDI
27-nji iýunda türkmen halky ajaýyp söz ussady, türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragyny hem-de medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylygyny dabaraly belleýärler.
Goşa baýram – Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni Türkmenistanda we daşary ýurtlarda giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýär.
Şeýlelik bilen, şu gün Kiýew şäherinde paýtagtyň merkezindäki ajaýyp seýilgähde oturdylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan dabaraly ýagdaýda gül goýmak dabarasy geçirildi.
Türkmen şahyry we gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine hormat goýýan Ukrainanyň döredijilik wekilleri, medeniýet, bilim we ylym işgärleri, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň wekilleri, teatrlaryň, muzeýleriň, milli kitaphanalaryň ýolbaşçylary, Ukrainadaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we diplomatlar, žurnalistler, telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, Ukrainadaky türkmen talyplary we diasporasynyň wekilleri bu günki çärä ýygnandylar.
Magtymgulynyň döredijiligi dünýäniň ähli künjeginde meşhurdyr. Ukrainaly okyjylaryň arasynda paýhasly şahyryň mirasyna bolan gyzyklanmanyň ýylsaýyn artýandygy diýseň begendirijidir, sebäbi türkmen şahyry hakda kitaplaryň we onuň goşgular ýygyndylarynyň ukrain dilinde neşir edilmegi boýunça işler bes edilmeýär.
Çäräniň esasy bölegi Türkmenistanyň Ilçihanasynyň edara binasynda dowam edip, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Toýly Ataýew dabaraly çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, goşa baýramyň halkyň medeni durmuşynda möhümdigini belledi. Ilçi T.Ataýew Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň dürli taraplaryny öz içine alýandygyny we ensiklopediýa ýaly türkmenleriň taryhy wakalaryny, durmuşyny, däp-dessurlaryny we medeni däplerini suratlandyrýandygyny aýtdy. Şahyryň söz ussatlygy, garaýyşlary, pikirleri we dünýä edebiýaty üçin goşan gymmatly goşantlary barada aýratyn belleip geçdi.
Şahyryň arzuwlarynyň we pikirleriniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda bolup geçýän özgerişlikler bilen, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmuny hökmünde howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge we medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen parahatçylykly daşary syýasaty şöhlelendirýänldigi nygtaldy. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli geçirilýän çäreler barada gysgaça maglumat berildi.
Ilçi T.Ataýew Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ukrain tarapy bilen bilelikde geçirilen medeni çäreleriň, şeýle hem şahyryň ýubileý ýyly mynasybetli Türkmenistanda geçirilen, hem-de şu ýyl ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän çäreleriň ähmiýetini belläp geçdi.
Türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasynyň möhüm bölegi bolan türkmenleriň gahrymançylykly eposy "Görogly" kitabynyň ukrain dilinde neşir edilmegi boýunça alnyp barylýan işler barada hem gürrüň berildi.
Türkmenistanyň Döwlet baýraklaryna mynasyp bolan – Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna medallary bilen sylaglanan Pawel Mowçan we Nikolaý Waskiw, çärä gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň mirasyny, türkmen halkynyň parahatçylyk, agzybirlik, salyhatlyk, adalatlylyk mowzuklaryndaky dünýä medeniýetine goşan goşandyny mundan beýläk öwrenmegiň zerurlygy barada çykyş etdiler.
Türkmen talyplarynyň we diasporasynyň wekilleri görnükli şahyryň turkmen we ukrain dillerinde goşgularyny okadylar, we bu günki çäre mynasybetli ähli çärä gatnaşyjy myhmanlary gutladylar.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň ukrain we beýleki daşary ýurt dillerindäki goşgularynyň ýygyndysy, şahyryň ömri we döredijiligi baradaky neşirler, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ukrain diline terjime edilen kitaplarynyň sergisi bilen tanyşdylar.
Şol bir wagtyň özünde bu çäre bilen utgaşykly guralan surat sergisinde türkmenleriň milli aýal-gyzlaryň, erkekleriň we çagalaryň eşikleriniň sergisiniň görkezilişi guraldy.
Däp bolşy ýaly, çärä gatnaşyjy myhmanlar üçin turkmen milli saz guraly bolan dutarda milli türkmen sazlary ýerine ýetirildi. Şeýle hem, çärä gatnaşyjy myhmanlara turkmen milli aşhanasynyň tagamlary hödür edildi.