KIÝEW ŞÄHERINDÄKI MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI OTURDYLAN SEÝILGÄHDE TÄZE GÜL BEZEGLERI

photo

Görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdylan Kiýew şäheriniň merkezi seýilgähinde täze gül bezegi döredildi.

Ýylyň başyndan bäri iki gezek oturdylan gül bezegleriniň mowzugy Türkmenistanyň Döwlet nyşanlaryna bagyşlandy. Bu sapar oturdylan gül bezegleriniň görnüşi Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň nyşan aýratynlyklaryny we taryhyny beýan edýär. Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda, meşhur türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň gapdalynda millilik äheňde gülleriň oturdylmagy we olar bilen seýilgähiň çäginiň bezelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Bu özboluşly landşaft görnüşini döredýän, hem-de şeýle özboluşly çözgütleri, bu çägiň arassalygy we gözelligi bilen gyzyklanýan Kiýew şäheriniň Şewçenko etrabynyň abadanldaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça kärhanasynyň wekilleriniň hünär ussatlygyny aýratyn bellärliklidir.

Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda döredilen özboluşly gül bezegleri Kiýewiň ýaşaýjylarynyň we paýtagtyň myhmanlarynyň ünsüni hemişe özüne çekýär.