TÜRKMENISTANYŇ WE MONGOLIÝANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
02.06.2025ý. senede Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, mongol kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi we giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde türkmen-mongol hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen 14 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy geçirildi.
Taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça maksatlaryny beýan etdiler. Esasy netijeleriň biri hökmünde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bilelikdäki Beýannama we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topar döretmek baradaky ylalaşyga gol çekildi.