TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE “AMUL-HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANYP BRIFING GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda (Turkmen Desert Race) Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň geçirilmegine görülýän taýýarlyga bagyşlanyp brifing geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler we Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komiteti we Türkmenistanyň awtomobil sporty federasiýasy bilelikde gurnadylar.

Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleri, şeýle hem ýurtda işleýän daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriň serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingde gatnaşyjylara (Turkmen Desert Race) “Amul - Hazar 2018” halkara awtorallä taýýarlyk görlüşi, geçirilen saýlama tapgyry we öňde boljak ralli-reýdiň diňe ajaýyp sport wakasy däl-de, eýsem, Türkmenistanyň halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmek hem-de multimodal ugurlaryny döretmek babatda işjeň syýasatyna ygrarlylygynyň nyşany bolup durýandygy aýratyn gürrüň berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýaryşy geçirmek başlangyjyny öňe sürmegi we bu çäräniň guramaçylyk meselelerinden başlap, amaly taýdan durmuşa geçirilmegine hut özüniň baştutanlygynda ýerine ýetirilmegi bu uly göwrümli awtosport taslamasynyň aýratyn derejesini görkezýär.

Şeýlelikde, brifinge gatnaşyjylara habar berlişi ýaly, ýaryş Türkmenistanda 2018-nji ýylyň 11-15-nji sentýabry aralygynda (taýýarlyk görülýän günler - 9-10-njy sentýabr) “Amul-Hazar” ugry boýunça geçiriler. Ýaryşlara ýeňil awtomobiller, ýük awtomobilleri we SSV kysymly kwadrosikller goýberilýär. Marafonyň uzynlygy 1500 kilometre deň bolup, ol Garagum sährasynyň içinden, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki gözel ýerlerinden geçer. Ýaryşyň pellehanasy Hazar deňziniň kenarynda jemlenip, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tamamlanar. “Amul-Hazar 2018” rallisi dürli halklaryň we medeniýetleriň özara gatnaşyklaryny mäkämleýän halkara meýdançasy bolmak bilen, ol hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýan dostlugyň uniwersal dili bolup hyzmat edýär, diýip brifingde bellenildi.

Daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleri brifingdäki çykyşlaryndan “Amul-Hazar 2018” rallisi boýunça jikme-jik maglumatlary almak bilen çäklenmän, eýsem, sowallary bermäge hem mümkinçilik aldylar.

Brifingiň ahyrynda Türkmenistan şeýle iri sport çäresini geçirmek baradaky başlangyjy bilen çykyş etmek bilen özüni parahatçylygyň tarapdary bolan ýurt, dörediji ýurt hökmünde dünýä bileleşigine ýene bir gezek äşgär etdi.