AŞGABAT ŞÄHERINIŇ GÜNI BELLENILÝÄR

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

25-nji maýda 1881-nji ýylda döredilen Aşgabat şäheriniň güni bellenilýär.

Baş şäherimiz ösen senagatlaşan merkez bolmak bilen, durnukly ösüşiň, gözelligiň özboluşly nyşany hökmünde ykrar edilýär. 

Şu günler paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergisi we maslahaty dowam edýär.

Sergä türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar. 

Çärä gatnaşyjylar dürli ulgamlarda dünýä derejesinde gazanylan üstünlikleri şöhlelendirýän önümlerini, işläp taýýarlamalaryny we innowasion çözgütlerini tanyşdyrýarlar. 

Sergi diňe bir harytlary we hyzmatlary däl, eýsem, ekologiýa we durnukly ösüş ulgamyndaky taslamalary, Aşgabady “ýaşyl” şähere öwürmek boýunça tagallalary görkezýän işleri öz içine alýar. 

Serginiň diwarlyklarynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, türkmen telekeçileriniň hem-de Aşgabatda iş alyp barýan we iri şähergurluşyk maksatnamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň ýeten sepgitleri tanyşdyrylýar. 

Diýarymyzyň ak mermerli paýtagty parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryň gözbaş alýan, dost-doganlyk, ylalaşdyryjylyk merkezine hem öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, köpugurly forumyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän çäreler bilen utgaşyp, şanly ýylyň ähmiýetini has-da artdyrýandygyny aýratyn bellemek gerek.