TÜRKMENISTANYŇ ÝUNESKO BILEN ÖZARA GATNAŞYKLARYŇ MÖHÜM UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
![](https://uk.tmembassy.gov.tm/static/uploads/I2C191pCmnEMYRmHjEw0RndiBS9maC-920x340.jpg)
2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen, ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriç bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim, ylym, medeniýet, taryhy-binagärlik ýadygärlikleri we medeni gymmatlyklary gorap saklamak boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna seredip geçdiler.
ÝUNESKO-nyň wekili Almatydaky edaranyň bilim, ylym we medeniýet pudagynda täze taslamalary durmuşa geçirmekde goldaw bermäge dowam etjekdigine ynandyrdy.