RSS

SOŇKY HABARLAR

20 Awg

BEÝIK BRITANIÝANYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK MISSIÝASYNY TAMAMLAÝAR

2019-njy ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Torhilda Wiwia Ebbott-Uot bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri hanym Ilçä Türkmenistanyň Prezideni Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan deňhukuklylyk, hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýa...

DOWAMY
16 Awg

Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi

2019-njy ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilow ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösüşiniň oňyn depginini belläp geçdiler. Diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýy...

DOWAMY
14 Awg

Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň BEÝANNAMASY

2019-njy ýylyň 11–12-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Forumyň çäklerinde birnäçe halkara çäreleri guraldy, bu çäreleriň netijeleri boýunça şu aşakdakylar bellenildi: Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde ýokary derejedäki Bäşinji Hazar duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen, Hazar sebitiniň ýurt...

DOWAMY
13 Awg

BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY – KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGYŇ DABARALANMAGY

2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda ähmiýetli çäre – Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Foruma hazarýaka we beýleki döwletleriň ýokary derejeli döwlet işgärleri, halkara guramalarynyň wekilleri, ylmy işgärler, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we dünýä metbigatynyň wekilleri bilen bir hatarda dünýäniň ähli ýurtlaryndan müňlerçe myhmanlar geldiler. Forumyň dabaraly açylyşy «Hazar deňzi: halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň bähbi...

DOWAMY
12 Awg

BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ GIŇIŞLIGINDE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ YKDYSADYÝET WE ULAG MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerindäki çäreler giň gerim bilen başlandy. Gün tertibi örän mazmuna baýdyr. Günüň birinji ýarymynda Foruma gatnaşmak üçin gelen myhmanlar halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergilerine gatnaşdylar we olaryň barşynda häzirki zaman tehnologiýalaryň hem-de awtosenagat ulgamynyň naýbaşy gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Bu çäreler Türk...

DOWAMY
11 Awg

«АWAZADA» TÜRKMENISTANYŇ WE ÝTÖB-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) wise-prezidenti hanym Betsi Nelson bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar Türkmenistanyň we ÝTÖB-nyň arasyndaky özara ynanyşmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp geçdiler. Myhman bilelikdäki taslamalaryň diňe bir Türkm...

DOWAMY
11 Awg

HAZAR INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYNYŇ SERGISI AÇYLDY

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergileriň açylyş dabaralaryna hazarýaka we beýleki ýurtlaryň ýokary derejeli myhmanlary, halkara guramalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.   Sergiler Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň çäginde gura...

DOWAMY