RSS

SOŇKY HABARLAR

7 Apr

METBUGAT ÜÇIN BEÝANNAMA

Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününiň baýram edilmegi türkmen halky üçin bolşy ýaly, tutuş adamzat üçin hem şanly wakadyr. Şu ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 75 ýyllyk ýubileýini belleýär. 1948-nji ýylda dünýä ýurtlarynyň umumy başlangyjy boýunça döredilen bu gurama adamlaryň saglygynyň pugtalandyrylmagyna, dünýäde howpsuzlygyň üpjün edilmegine hem-de her bir adamyň nirededigine garamazdan, saglygyň we rowaçlygyň iň ýokary derejesini gazanmaga mümkinçiligi...

DOWAMY
4 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DIM-LERI OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÖZARA HEREKETLERIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2023-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministrliginiň Owganystan we Päkistan boýunça departamentiniň direktory, Owganystan boýunça ýörite wekili Endrýu MakKubriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşigi geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar owgan meselesi boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giň toplumyna seredip geçdiler. Bu sebitdäki ýagdaýlar bilen bagly yn...

DOWAMY
28 Mar

LONDONDA ARKADAG ŞÄHERINIŇ GURLUŞYGY BILEN BAGLY TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasynyň binasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Beýik Britaniýadaky bölümi bolan «Galkynyş» adyndaky birleşiginiň wekilleriniň, agzalan döwletiň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplarynyň we London şäherinde ýaşaýan türkmen raýatlarynyň  gatnaşmaklarynda Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi Arkadag şäheriniň gurluşygy bilen tanyşdyryş çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demir...

DOWAMY
23 Mar

TÜRKMENISTAN UKRAINA YNSANPERWER KÖMEGI IBERDI

Türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, ynsanperwerlik we raýdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, 2023-nji ýylyň 22-nji martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky hossarlyga mätäç çagalara kömek haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň çagalaryna ynsanperwer ýüki iberildi. Ukraina iberilen ynsanperwer ýüki derman serişdelerinden we lukmançylyk enjamlaryndan, dokma we dürli azyk önümlerinden ybarat.

DOWAMY
17 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMEN-BRITAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lusia Waýld bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda türkmen-britan hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşini belläp, iki ýurduň arasyndaky özara hereketleriň dür...

DOWAMY
16 Mar

BEÝIK BRITANIÝANYŇ PARLAMENTINIŇ LORDLAR PALATASYNDA TÄZE ARKADAG ŞÄHERINIŇ KONSEPSIÝASY BOÝUNÇA MAGLUMAT BERILDI

2023-nji ýylyň 13-nji martynda Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Lordlar Palatasynda Birleşen Patyşalygy bilen Merkezi Aziýa, Günorta Kawkaz, Gündogar Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryna bagyşlanan “Ikitaraplaýyn söwda we senagat aragatnaşyklary ýola goýmak” atly çäre geçirildi. Bu çärä Beýik Britaniýada akkreditirlenen Ilçiler, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili Baronessa Emma Nikolson, Birleşen Patyşalygynyň Pr...

DOWAMY
14 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BEÝIK BRITANIÝANYŇ BIRLEŞEN GULLUKLARYNYŇ PATYŞA INSTITUTYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň Beýik Britaniýanyň Birleşen gulluklarynyň patyşa institutynyň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygynyň, häzirki zaman wehimlere we howplara garşy göreşmek meseleleri, şol sanda, owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebitiň söwda-ykdysady...

DOWAMY