RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Iýun

METBUGAT ÜÇIN HABAR

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web-saýtynda Türkmenistanda koronawirus infeksiýasynyň garşysyna alnyp barylýan çäreler barada nädogry  maglumatlar ýerleşdirilipdir. Hususan-da, täze görnüşli infeksiýanyň döredýän alamatlary bar bolan raýatlaryň testden geçirilýänligi we hamana olaryň oňaýlyklaryna gözegçilik edilmeýän karantine kesgitli bolmadyk döwür üçin mejbury iberilmeginiň mümkinligi barada nygtalýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şuňa...

DOWAMY
pic
19 Iýun

AŞGABATDA «KORONARIWUS ÝOKANJYNYŇ PANDEMIÝASYNA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA HÄZIRKI ÝAGDAÝLARA SYN» ATLY BRIFING GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Koronariwus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça häzirki ýagdaýlara syn» atly brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hem-de beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň tanymal syýasatşynaslary, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ý...

DOWAMY
pic
18 Iýun

«TÜRKMENISTAN – ÝEWROPA BILELEŞIGI» ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA DIALOGYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 18-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça Dialogyň çäklerindäki nobatdaky mejlis geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň, Türkmenistanyň Daşary işler we beýleki edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.    Mejlisde ýewropa tarapyna Ýewropanyň Daşary aragatnaşyklar gullu...

DOWAMY
pic
16 Iýun

CAREC -IŇ MILLI UTGAŞDYRYJYLARYNYŇ MASLAHAT BERIŞ MEJLISI GURALDY

2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Aziýa ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” (CAREC) maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjylarynyň onlaýn görnüşinde maslahat beriş mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar CAREC maksatnamasynyň ykdysadyýet, söwda, energetika, syýahatçylyk, ykdysady geçelgeler ugurlarynda durmuşa geçirilen işler, şeýle hem saglygy gor...

DOWAMY
pic
15 Iýun

DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝB-MA IŞ TOPARYNYŇ UTGAŞDYRYJY TOPARYNYŇ BIRINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa Birleşigi – Merkezi Aziýa iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň WECOOP taslamasynyň birinji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Mejlisiň işine Ýewropa Komissiýasynyň Daşky gurşaw meseleleri boýunça Baş müdirliginiň bölümleriniň ýolbaşçylary, Italiýanyň Daşky gurşaw, ýer we deňiz serişdeleri ministrliginiň, ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň wekilleri, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşaw we howanyň üýt...

DOWAMY
pic
12 Iýun

HALKARA ENERGETIKA AGENTLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN ONLAÝN GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi edarasynda Halkara energetika agentliginiň Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Nebitgaz meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Halkara energetika agentligi bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaz, nebit we energetika sektorlarynda bilelikdäki syny taýýarlamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatla...

DOWAMY
pic
12 Iýun

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ DAŞARY IŞLER WE HOWPSUZLYK SYÝASATY BOÝUNÇA ÝOKARY WEKILI BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel Fontelles bilen onlaýn görnüşindäki gepleşikleri giçirildi. Duşuşygyň barşynda koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreşe gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagy bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň durmuşa...

DOWAMY