RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Ýan

TÜRKMENISTANDA ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÖNÜNI ALMAK ÜÇIN SANJYMLARY HASABA ALMAK IŞI DOWAM ETDIRILÝÄR

Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyklykda milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek işi işjeň ýagdaýda dowam etdirilýär. Şu maksat bilen ilatyň saglygyny berkitmek boýunça amala aşyrylýan işler pugtalandyrylýar.    Ylmyň gazananlarynyň esasynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça epidemiologik gözegçilik ulgamynyň netijeliligi yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak işi dowam e...

DOWAMY
pic
29 Ýan

AŞGABATDA HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň baş redaktorlary we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň w...

DOWAMY
pic
28 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BABATDA HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şol sanda beýleki ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Döwlet,...

DOWAMY
pic
27 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň platformasynda alnyp barylýan özara hereketleriň häzirki ýagdaýyny we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Guramanyň işiniň ösdürilmegine itergi berýän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenilip geç...

DOWAMY
pic
26 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ WE BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DEREJESINDE GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Wladimir Makeý bilen daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleri geçirdi.  Duşuşygyň barşynda ministrler syýasy-diplomatik, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna itergi berýän ýokary derejedäki özara hereketleriň...

DOWAMY
pic
21 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERINIŇ DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.  Duşuşygyň barşynda Prezidentler iki ýurduň we halkyň arasynda özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine, şeýle-de taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar. Döwlet baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we...

DOWAMY
pic
16 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ METBUGAT BRIFINGI BARADAKY PRESS-RELIZ

2021-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň üç infrastruktura desgalaryny - “Akina – Andhoý” beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň açylyş, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny we  üstaşyr akymlary hem-de Kerki (Türkmenistan) – Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiri...

DOWAMY