RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Apr

TÜRKMENISTAN GDA-NYŇ ÇÄKLERINDE YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR

2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde gatnaşyjylar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Lukmançylyk ugurda hyzmatdaşlyk şolaryň arasynda esasylarynyň biri hökmünde maslahatlaşyldy. Mejlisde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etmek bilen, GDA-nyň çäklerinde döredilen...

DOWAMY
pic
1 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň başlygy S.G.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini giňişleýi...

DOWAMY
pic
31 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ SAMMITINE HORMATLY MYHMAN HÖKMÜNDE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Gazagystan Respublikasynyň birinji Prezidenti – Nursoltan Nazarbaýewiň başlangyjy bilen guralan çäre Gazagystan Respublikasynyň Türkestan şäherinde onlaýn görnüşine geçirildi. Sammite Türki geňeşiň agza-döwletleriniň ýolbaşçylary we Baş sekretary, şeýle-de bu Guramada synçy ýurt bolan Wengriýanyň Premýer-mi...

DOWAMY
pic
30 Mar

TIFA-NYŇ NOBATDAKY ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 30-njy martynda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky çarçuwaly ylalaşygyň (TIFA) Geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, şeýle-de ABŞ-nyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli wekiliýetleri gatnaşdylar. Mundan başga-da mejlis...

DOWAMY
pic
24 Mar

BMG, ÝHHG, HALKARA GYZYL HAÇ KOMITETI – TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BABATDA HALKARA BORÇNAMALARYNY WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNY DURMUŞA GEÇIRMEK IŞINDE ESASY HYZMATDAŞLARYŇ HATARYNDA

Şu gün Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilişi boýunça geçirilen Pudagara toparynyň mejlisinde ýurduň ynsanperwerlik syýasatyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleriň giň gerimine seredildi. Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda BMG-niň wekilleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň derejesine  ýokar...

DOWAMY
pic
21 Mar

NOWRUZ BAÝRAMYNYŇ GYMMATLYKLARY HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ ÝÖRELGELERI BILEN SAZLAŞÝAR

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary halkara ähmiýetli Nowruz baýramyň şanyna ýörite çäreleri guradylar. 2010-njy ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assembleýasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan edipdi. Şeýle-de bu baýramçylygyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilmegi aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Nowruz baýramy mynasybetli Türk medeniýetiniň we mirasynyň Halkara Gaznasynyň...

DOWAMY
pic
17 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA «BINAGÄRLIK SUNGATYNYŇ TARYHY WE MEDENIÝETI» ATLY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT ÖZ IŞINE BAŞLADY

2021-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çäräniň başynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan taýýarlanan sergi bilen tanyşdylar. Göni hem-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen halkara maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow, Gurluşyk we binagärlik min...

DOWAMY