RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Okt

AŞGABATDA MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ WE ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. Onda sebitleýin howpsuzlygyň, ösüşiň we durnuklylygyň iň möhüm temalary boýunça düýpli pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar serhet howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we ekologiýa, şeýle hem ulag aragatnaşyklary meselelerine aýratyn üns berdiler. Duşuşykd...

DOWAMY
pic
27 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY

25-26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy. Ankara şäheriniň howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, beýleki resmi adamlar, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri garşyladylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen bolan söhbetdeşliginiň dow...

DOWAMY
pic
24 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI “MERKEZI AZIÝA – ÝEWROPA BILELEŞIGI” DUŞUŞYGYNDA ÇYKYŞ ETDI

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow “Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi” atly 19-njy ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy. Daşary işler ministri çykyşynda ÝB bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we uzak möhletleýin maksatly özara gatnaşykda ileri tutulýan ugurlary görkezdi. Birinjiden, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramagyň ähmiýeti nygtaldy. Şu nukdaýnazardan daşary syýasy edaranyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Be...

DOWAMY
pic
8 Okt

СООБЩЕНИЕ ДЛЯ СМИ

В течение всего периода своей независимости нейтральный Туркменистан проводит открытую и предсказуемую внутреннюю и внешнюю политику во всех сферах жизнедеятельности государства и общества. При этом, наша страна твердо идет по пути реализации широкомасштабных и долгосрочных национальных программ, направленных на упрочение основ государственного устройства, создание многоотраслевой экономической системы, решение важных социальных задач, повышение уровня благосостояния жизни туркменского народа...

DOWAMY
pic
2 Okt

ARKADAG ŞÄHERINDE HALKARA ÝAŞLAR FORUMY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň guramagynda hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişellik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işjeň gatnaşmagynda “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly Halkara ýaşlar forumy geçirildi. Gibrid görnüşinde geçirilen bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hem-de BMG-niň Baş Assamble...

DOWAMY
pic
29 Sen

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «MERKEZI AZIÝA + GERMANIÝA» GÖRNÜŞINDÄKI WEKILIÝETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Berlin şäherinde iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentiniň başlyklyk etmeginde işewürlik ertirlik nahary görnüşinde geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Resp...

DOWAMY
pic
15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Şeýle hem forumyň işine Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we hormatly myhman hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew gatnaşdyla...

DOWAMY