RSS

SOŇKY HABARLAR

20 Iýun

BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY BILEN TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET DAŞARY YKDYSADY IŞ BANKY 2030-NJY ÝYLA ÇENLI DÖWÜR ÜÇIN GÜN TERTIBINI MALIÝELEŞDIRMEK BOÝUNÇA ILKINJI ÇÄRÄNI GEÇIRÝÄRLER

PRES - RELIZ 2018-nji ýylyň 9-njy iýuny, Aşgabat, Türkmenistan Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) millileşdirmek bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň halkara maliýeleşdirilmegine mümkinçilikleri artdyrmak we maliýe çeşmelerini durmuşa geçirmek we dolandyrmak boýunça milli mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagynyň üstünde işleýärler. Bilelikdäki başlangyçlaryň çäginde 2018-nji ýylyň...

DOWAMY
13 Iýun

TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANYLDY

2018-nji ýylyň 13-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine (ECOSOC) 2019-2021-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi (ECOSOC) - Birleşen Milletler Guramasynyň esasy düzümleriniň biri bolup, ykdysady, durmuş ulgamlarynda, saglygy goraýyş we bilim pudaklarynda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen guramalarynyň we düzümleriniň işi...

DOWAMY
1 Iýun

STOKGOLMDA TÜRKMEN-ŞWED SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 30-31-nji maýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Şwesiýa Patyşalygynda iş saparynda boldy. 30-njy maýda wekilieýt Stokgolmyň parahatçylyk meselelerini öwrenýän institutynyň (SIPRI) direktory jenap Den Smit bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda bu institut bilen Türkmenistanyň degişli guramalarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ýola goýmak soraglary ara alnyp maslahatlaşyldy.  31-nji maýda Şwesiýanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň 3-nji tapgyry geçirildi. Şw...

DOWAMY
30 Maý

HELSINKIDE TÜRKMENISTANYŇ WE FINLÝANDIÝANYŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 29-njy maýynda Helsinkide Türkmenistanyň we Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler geçirildi. Finlýand tarapyna bu ýyrduň Daşary işler ministrliginiň Rossiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa Departamentiniň Baş direktory hanym Maimo Henriksson ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, ykdysady, energetika we ulag ulgamlarynda, BMG we ÝB ýaly halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaş...

DOWAMY
24 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA “AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY XVII KÖPUGURLY HALKARA SERGI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XVII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Sergi häzirki Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek ulgamynda gazanylan üstünlikleri, toplanan iş tejribesini hem-de geljegini görkezýär. Sergini guraýjylar Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gurluşykdan başlap, elektrik energiýasyna, gaýtadan işleýän we ýerli senagata, bezege hem-de şäher durmuşyny...

DOWAMY
23 Maý

TÜRKMENISTANDAA IX HALKARA GAZ KONGRESI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 23-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi öz işine başlady. Bu iri ýöriteleşdirilen forumy “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen Gollandiýanyň “KHB Holland” kompaniýasy bilelikde gurady.  Foruma dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 400-e golaý wekil gatnaşdy. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, ABŞ-dan, BAE-den, Ýaponiýadan, HHR-den, Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden, Hindistandan, Owganystandan, Pakistandan, GDA döwletlerin...

DOWAMY
22 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 71-NJI MEJLISINE GATNAŞÝAR

2018-nji ýylyň 21-nji maýynda Ženewa şäherinde Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 71-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekillerinden ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň 70 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelen ýokarda agzalan mejlisiň işine gatnaşdy. Saglygy goraýyş ulgamynyň aktual meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin sebitleýin hem-de global derejede strategiki wajyp meýdança Şweýsariýa...

DOWAMY