RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Noý

TÜRKMEN WEKILIÝETI ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝANYŇ NOBATDAKY MEJLISINE GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýanyň 29-njy mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň işine Energetika Hartiýasynyň agza-ýurtlarynyň wekiliýetleri, halkara guramalaryň, şeýle hem iri energetika kompaniýalarynyň, jemgyýetçiligiň hem-de KHBS-ň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda global energetika ugrunda ösüşine, durnukly energetika geljeginiň goldawyna, energetika netijeliligine Energetika Hartiýasynyň ähmiýeti bellenildi,...

DOWAMY
pic
28 Noý

AWAZADA ULAG MINISTRLERINIŇ HALKARA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagy okaldy. Soňra Lapis Lazuli hakynda Yla...

DOWAMY
pic
23 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ “ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA” ATLY 14-NJI MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAGY

2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili hanym F.Mogerininiň derejesindäki 14-nji ministrler duşuşygyna gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma döredýän, şol sanda ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatn...

DOWAMY
pic
21 Noý

ILAT GAZNASYNYŇ ÄHLUMUMY HASABATYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda BMG-niň Ilat gaznasynyň “Saýlamak hukugynyň güýji: köpelmäge hukuklar we demografiýa çemeleşmesi” ady bilen Ählumumy hasabat - 2018-iň tanyşdyrylyşy boldy.  Bu çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilleri, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar...

DOWAMY
pic
20 Noý

ÝHHG-NYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 21-24-nji noýabry aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary jenap Lamberto Zanniýeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Aşgabada iş sapary bilen gelmekligine garaşylýar. Saparyň çäklerinde ÝHHG-nyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Mejlisinde, Daşary işler ministrliginde, Bilim ministrliginde hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda duşuşyklary bolar. Şeýle hem ýokary derejeli myhmanyň Aşgabat şäherin...

DOWAMY
pic
20 Noý

AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA SAPAR BILEN GELMEGI MEÝILLEŞDIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 21-22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana resmi sapary bilen gelmegi meýilleşdirilýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Liderleriniň arasynda ýokary derejedäki duşuşygy geçiriler.

DOWAMY
pic
20 Noý

AŞGABATDA “TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY – 2018” ATLY ХХIII HALKARA MASLAHAT WE SERGI AÇYLDY

2018-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edara binasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2018” atly däp bolan ХХIII halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara sergi Türkmenistanyň Prezidentiniň iberen gutlagynyň okalmagy bilen dabaraly ýagdaýda açyldy. Iri nebitgaz forumyna alymlar we bilermenler, hökümet düzümleriniň hem-de iri guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ý...

DOWAMY