RSS

SOŇKY HABARLAR

28 Iýun

AHALDA GAZDAN BENZIN ÖNDÜRÝÄN ZAWODYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA BAGYŞLANYLAN BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Ahalda gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna bagyşlanylan brifing geçirildi. Çärä ýokarda agzalan zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga gelen ýokary derejeli myhmanlar, ýurdumyzyň nebit-gaz ulgamyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, daşary ýurt kompaniýalaryň, şeýle hem halkara we milli habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.  Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňe...

DOWAMY
28 Iýun

AHALDAKY GAZDAN BENZIN ÖNDÜRÝÄN ZAWODYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY

2019-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasy boldy. Dabara daşary ýurtly myhmanlar, Türkmenistandaky diplomatik korpusyň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri, syýahatçylar, halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Täze senagat toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi mynasybet...

DOWAMY
27 Iýun

TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ SÖWDA WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA KONFERENSIÝASYNYŇ GEŇEŞINIŇ HEMIŞELIK AGZASY HÖKMÜNDE BIRAGYZDAN SAÝLANYLDY

2019-njy ýylyň 27-nji iýunynda Şweýsariýa Kondeferasiýasynyň Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) esasy dolandyryjy düzüm birligi bolan Söwda we ösüş boýunça Geňeşiniň nobatdaky 66-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu Geňeşiň hemişelik agzasy hökmünde biragyzdan saýlanyldy. Türkmenistan bu Geňeşiň 157-nji döwleti bolup, onuň «A» toparynyň sanawyna girizildi.   Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýas...

DOWAMY
27 Iýun

DANIÝA PATYŞALYGYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak üçin gelen Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) jenap Karsten Sendergord bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar özleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdiler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy...

DOWAMY
27 Iýun

TÜRKMENISTANDA ABŞ-NYŇ TÄZE ILÇISI IŞE BAŞLADY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mettýu Stiwen Klimow bilen duşuşyk geçirildi.  Duşuşygyň başynda ABŞ-nyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy we wagt tapyp kabul edilenligi üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirip, tutuş türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitm...

DOWAMY
26 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝUNESKO-NYŇ HÖKÜMETARA OKEANOGRAFIKI KOMISSIÝASYNYŇ 30-NJY ASSAMBLEÝASYNYŇ IŞINE GATNAŞÝAR

Türkmenistanyň wekiliýeti Parižde, ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň Hökümetara Okeanografiki Komissiýasynyň (HOK) 30-njy Assambleýasynyň işine gatnaşýar. 4-nji iýula çenli dowam etjek ÝUNESKO-nyň Hökümetara Okeanografiki Komissiýasynyň ýubileý assambleýasynda Komissiýanyň işi bilen baglylykdaky döwrebap meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar, şeýle hem umman ylmy boýunça BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilişi, BMG we Bütindünýä meteorologiki gurama bilen hyzmatdaşlygy...

DOWAMY
26 Iýun

ÝEREWANDA MAGTYMGYLY PYRAGYNYŇ 295 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP YLMY MASLAHAT WE EDEBI OKAÝYŞLAR GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ýerewan döwlet uniwersiteti (ÝDU) bilen bilelikde bu ýokary okuw mekdebinde beýik türkmen şahyry, filosofy we akyldary Magtymgyly Pyragynyň 295 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly Pyragy dünýä medeniýetiniň taryhynda» atly ylmy maslahat we edebi okaýyşlar geçirildi. Maslahatyň işine Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we diplomatik korpusyň wekil...

DOWAMY