TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK BARADAKY MERKEZI TOPAR: TÜRKMENISTANDA PREZIDENT SAÝLAWLARY ÝOKARY IŞJEŇLIK ÝAGDAÝYNDA GEÇDI

2022-nji ýylyň 13-nji martynda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow Türkmenistanyň Prezidentligine geçirilen nobatdan daşary saýlawlaryň netijeleri boýunça paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynda brifing geçirdi.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary saýlawçylaryň ýokary işjeňlik ýagdaýynda ses bermekleri bilen geçirildi diýlip ykrar edilendigini mälim etdi. Türkmenistanyň iň ýokary döwlet wezipesine dürli syýasy partiýalardan we raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen  9 dalaşgär bellige alyndy. Seýlelikde, saýlawlar giň bäsdeşlik esasynda, demokratik we aýdyňlyk ýagdaýynda geçdi.

Ýurdumyzyň Merkezi saýlaw toparyň saýty welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň birnäçe saýlaw uçastoklarynda saýlawlaryň geçirilişini sanly görnüşde onlaýn görkezdi. Bu bolsa saýlawlaryň aýanlyk we deňhukuklylyk esasynda geçirilendigini tassyklaýar.

Merkezi saýlaw toparyň başlygynyň belleýşi ýaly, saýlaw çäreleriniň barşyna gözegçiligi 2726 milli we 75 halkara we daşary ýurtly synçylar amala aşyrdylar. Halkara we daşary ýurtly synçylar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Türki döwletleriň guramasy ýaly halkara guramalaryna, hem-de onlarça döwletlere wekilçilik edýärler.

Saýlawlary ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler we ýurdumyza aýratyn çakylyklar esasynda gelen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri şöhlelendirdiler.

Seýle hem, geçirilen saýlawlarda jemi Türkmenistan boýunça bellige alynan 3 460 080 saýlawçylardan 3 362 052 adam ses bermäge gatnaşandygy, we munuň jemi saýlawçylaryň 97.17 göterimine deň gelýändigi aýdyldy.

G.Myradow 12-nji martda sagat 19.00-da saýlaw uçastoklarynda ses bermek tamamlandy we daşary ýurtlardaky saýlaw uçastoklaryndan maglumatlaryň iberilmegi dowam edýändigini aýtdy. Ol ses bermegiň netijeleri hakyndaky maglumaty kanun tarapyndan kesgitlenen wagtda aýan ediljekdigini aýtdy.