TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ŞHG-NIŇ SAMMITINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gonýar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz ŞHG-niň sammitiniň geçirilýän ýeri bolan “Nowruz” köşgüne tarap ugrady. Bu sammit guramanyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlandy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisine başlyklyk edýän Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon ýene-de mähirli garşylady.

Sammit başlanmazdan öň, wekiliýetleriň Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Duşenbedäki sammit gurama agza ýurtlaryň Liderleriniň — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň hem-de ŞHG-niň ýanynda synçy derejesine eýe bolan döwletleriň birnäçesiniň Baştutanlarynyň, şol sanda Belarus Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Mongoliýanyň (sanly ulgam arkaly) gatnaşmagynda geçirildi. Hindistan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň baştutanlary mejlise sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Sammite gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş ýüzlendi. Mejlise sebit guramalarynyň birnäçesiniň, şol sanda GDA-nyň, YHG-nyň we beýlekileriň ýolbaşçylary-da gatnaşdylar.

Bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, “Zarandud” zalynda ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, duşuşygy açdy hem-de sammite gatnaşyjylara söz berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, ilki bilen, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu mejlisiniň guramaçylaryna bu möhüm hem-de wekilçilikli duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Emomali Rahmona myhmansöýerlik we mähirli garşylandygy, hoşniýetlilik hem-de sammitiň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, Türkmenistanyň Baştutany mejlise gatnaşyjylaryň ählisini guramanyň ýubileýi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu gurama geçen 20 ýylyň dowamynda dünýäde ykrarnama hem-de hormata eýe bolan, ählumumy syýasy we ykdysady ösüşiň barşyna, häsiýetine oňyn täsir edýän abraýly döwletara birleşmä öwrüldi diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistan üçin ŞHG bilen gatnaşyklar biziň daşary gatnaşyklarymyzyň giň geografik we düzümleýin diwersifikasiýasyna ygrarlylyga esaslanýan halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugrudyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasynda köpugurly, yzygiderli, maksadalaýyk hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ösüşe täze, kuwwatly itergi bermäge, tutuş Ýewraziýa giňişliginde syýasy, ykdysady, durmuş, ynsanperwer işleriň okgunly hem-de ýokary hilli bolmagyna ýardam etmäge ukyplydygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, ýurdumyzyň bilelikdäki netijeli işe taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinden ata Watanymyza ugrady.