TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ SAMMITINE HORMATLY MYHMAN HÖKMÜNDE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Gazagystan Respublikasynyň birinji Prezidenti – Nursoltan Nazarbaýewiň başlangyjy bilen guralan çäre Gazagystan Respublikasynyň Türkestan şäherinde onlaýn görnüşine geçirildi.

Sammite Türki geňeşiň agza-döwletleriniň ýolbaşçylary we Baş sekretary, şeýle-de bu Guramada synçy ýurt bolan Wengriýanyň Premýer-ministri gatnaşdylar.

Sammitiň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu çäräniň wajyplygyny belläp geçdi hem-de Türkmenistanyň ýurtlaryň arasynda ykdysady, energetika, ulag, ekologiýa we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine ygrarlydygyny tassyklady.

Bu duşuşyk oňa gatnaşyjylara hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin netijeli meýdança boldy. Gatnaşanlar ynsanperwerlik düzüjisiniň nazarda tutulmagynda ykdysadyýet, ulag, energetika, ekologiýa we medeniýet ulgamlarynda özara kabul ederlikli gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegi dogrusynda pikirleri alyşdylar.

Türki geňeşiň ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyndaky oňyn ähmiýet nygtalyp geçildi, bu bolsa sebitde hem-de onuň çäginden daşarda parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanylmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.

Sammitiň barşynda oňa gatnaşyjylar Türki geňeşiň 2025-nji ýyla çenli Strategiýasyna seredip geçdiler.