TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň mejlisi göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Bu mejlisiň işine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji T.Mamytow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoew, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji direktory S.Lebedew gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda gatnaşyjylar GDA-nyň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we özara gyzyklanma bildirýän beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki işleriň derwaýys meseleleri, şol sanda pandemiýa garşy göreş barada işjeň pikir alşyldy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny mundan beýläk-de ösdürmek Konsepsiýasyna we ony durmuşa geçirmek boýunça esasy çäreleriň Meýilnamasyna, GDA ýurtlarynyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygy ilerletmek we pugtalandyrmak hem-de özara hereketleriň beýleki ugurlaryna seredilip geçildi.

Mejlisiň dowamynda eden çykyşynda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan GDA-nyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşinde, ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygynda, sebitleýin we global proseslerinde giň gerimli mümkinçilikleriniň bardygyna berk ynanýar”, diýip belledi.     

Ol Arkalaşygyň giňişliginde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklara ynanyşmagyň we raýdaşlygyň ýokary derejesiniň mahsus bolandgyny nygtap, ykdysady integrasiýany we saglygy goraýyş ulgamlaryny berkitmek, şol sanda ylmy-lukmançylyk hyzmatdaşlygynyň gurallaryny ýola goýmak we lukmançylyk ulgamynda bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek ýaly birnäçe kesgitli teklipleri öňe sürdi.    

Türkmenistanyň Prezidenti halkara kanunçylygyň we BMG-niň Düzgünnamasynyň ornunyň dikeldimeginiň wajyplygyna, halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgleriniň berkidilmegine  ünsi çekdi.  Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigi nygtaldy.  Indiki ýyl Aşgabat şäherinde durnukly ösüşi üpjün etmäge, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmage bagyşlanan ýokary derejeli Halkara maslahatyň giçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäräniň dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluky gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. 

GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň mejlisiniň dowamynda tamamlanýan ýylda ýerine ýeitirilen bilelikdäki işleriň jemleri jemlenip, geljek döwür üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.  Gatnaşyjylar şu ýyl Arkalaşygyň başlyklygyny üstünlikli ýerine ýetirendigi üçin Özbegistan Respublikasyna minnetdarlyklaryny beýan edip, 2021-nji ýylda başlyklyklygyň Belarus Respublikasyna geçýändigini  hoşallyk bilen kabul etdiler.

Türkmen tarapy “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak hakynda”, “2021-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakynda”, “Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasy hakynda”, “Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasy hakynda”, “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary» atly döwletara maksatnamany 2022-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynda durmuşa geçirmek hakynda”, “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2022-nji ýyly Halk döredijiliginiň hem-de medeni mirasyň ýyly, 2023-nji ýyly ˗ Milletara aragatnaşygyň dili hökmünde rus diliniň ýyly diýip yglan etmek hakynda” Çözgütlere gol çekdi.