BMG-NIŇ OWGANYSTANA ÝARDAM BERMEK BOÝUNÇA MISSIÝASYNYŇ (UNAMA) BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK

Şu gün, 3-nji noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Debora Laýons bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Taraplar bu Missiýanyň döredilen senesinden bäri Türkmenistanyň we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýe bolup durýandygyny belläp geçdiler. Owganystanda howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi ugrunda sebitleýin özara hereketleriň oňyn netijeleri we onuň güýçlendirilýändigi nygtaldy.

Owganara gepleşikleriniň ilerledilmegine aýratyn seredildi. Taraplar Owganystanda parahatçylygyň dikeldilmegi babatynda bu prosesiň oňyn dowam etjekdigine ynam bildirdiler. Gepleşikler şu ýylyň sentýabr aýynda Doha şäherinde başlandy. R.Meredow türkmen tarapynyň gepleşikleriň indiki tapgyrlarynyň geçirilmegi üçin syýasy giňişligini bermäge taýýarlygyny tassyklady.

Taraplar içeri hem-de daşary integrasiýa prosesinde Owganystana ýardam bermegiň derwaýyslygyny belläp geçdiler. Şu nukdaýnazardan, durmuş, ykdysady, ulag we kommunikasiýa infrastrukturalaryň ösdürilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Söhbetdeşler Türkmenistanyň Hökümetiniň TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň ilerledilmegi, demirýol gatnawlarynyň ýygjamlaşdyrylmagy boýunça durmuşa geçirýän möhüm hereketlerini bellediler. Çünki bu ädimler tutuş ýewraziýa giňişliginde dünýä-hojalyk gatnaşyklaryna oňyn täsir etmäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň dowamynda terrorçylyk, ekstermizm, serhetüsti jenaýatçylyk bilen bir hatarda sebit we halkara howpsuzlygynyň meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmen tarapynyň hususan-da sebit derejesinde BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň dowam edilmegine ygrarlylygy beýan edildi. Terrorçylyga garşy göreşde gepleşikleriň alnyp barylmagynyň zerurlygy nygtaldy. Bu ugurda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, şeýle hem özara hereketleriň Merkezi Aziýa Sebitleýin maglumat utgaşdyryjy Merkezi, BOMKA, KADAP ýaly beýleki görnüşleriniň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.

Şonuň ýaly-da, ynsanperwer häsiýetli meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň öz nobatynda Owganystanyň halkyna zerur goldawlary bermegi dowam etmek baradaky meýilleri ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk dowamly alnyp barylýar.

Taraplar dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynyň zerur barada gürrüň etdiler. Şu nukdaýnazardan, ýakyn geljek, hususan-da Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň derejesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda mümkingadar bilelikdäki başlangyçlar dogrusynda pikirleri alyşdylar.