TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILKINJI PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2020-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti – Ýelbasy Nursultan Nazarbaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nursultan Nazarbaýewi 80 ýaş toýy bilen gutlady hem-de oňa berk jan saglygyny, egsilmez güýç-gaýrat we Gazagystanyň halkynyň abadançylygyna gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Iki ýurduň we halklaryň giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan ygrarlylyklary bellenildi.

Taraplar sebit we halkara derejesindäki möhüm meseleler boýunça hem pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, giň geografik çäkleri gurşap alan hem-de köp döwletleriň we halklaryň durmuşyna ýaramaz täsir edýän koronawirus (COVID-19) pandemiýasy baradaky mesele gozgaldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmekde edýän tagallalaryny doly goldaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri ylmy diplomatiýanyň gurallarynyň ulanylmagynyň, şol sanda koronawirusyň gelip çykyşy, onuň döremeginiň sebäplerini we şertlerini kesgitlemek ugrunda dünýä alymlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belläp geçdi. Şeýle-de söhbetdeşler iki tarap üçin hem aýratyn alada döredýän Aral meselelerine garadylar. Aral zolagynda döreýän hem-de giň ýer böleklerine ýaýraýan howa akymlary sebitde we onuň çäginiň daşynda ýaşaýan adamlaryň saglygy üçin howp emele getirýär.

Taraplar, bu we beýleki meseleler boýunça hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn esasda hem-de sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerinde berkitmäge ygrarlylyklaryny tassykladylar.